SÖHBETDEŞLIK

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty  häzirki güne çenli ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleri bilen onlarça söhbetdeşlikleri gurap okyjylara ýetirdi. Bu habarymyzda şol söhbetdeşlikleriň ählisini jemläp gaýtadan Size ýetirýäris.

Biziň  ilkinji söhbetdeşligimiz Türkmenistanyň at gazanan artisti, mahmal owazly Züleýha Kakaýewa bilen boldy. Soňra Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirdik. “Sungata ykbalyny baglan” atly söhbetdeşligimizi Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewiň teatr sungaty dogrusynda guradyk. Soňra Türkiýede bilim alýan, Türkiýede ýylyň aýdyşygy diýip saýlanan aýdymy ýerine ýetiren türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik guradyk.

Ýakynda aramyzdan aýrylan Türkmenistanyň halk artisti merhum Hakberdi Hudaýberdiýew bilen guran söhbetdeşligimizi saýtymyza geçen ýyl ýerleşdiripdik.  Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirdik. Döredýän şirin owazly sazlary bilen ýürekleri nepis duýgulara besleýän Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň konsertmeýsteri, kompozitor Begenç Hojaýew bilen gurnalan söhbetdeşlik okyjylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýaş  zehinli aýdymçy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Tirkiş Amangeldiýew hem saýtymyzda myhmançylykda boldy. Diňleýjilerini özüniň ajaýyp owazy bilen göwünlerini galkyndyryp bilýän ussat aýdymçylarymyzyň biri bolan Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik gyzykly maglumatlara baý. Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň döredijilik mekdebini geçen halypa aýdymçy Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşligi hem saýtymyza ýerleşdirdik. «Ýüzünden ýüregi görnüp duran», ajaýyp heňli aýdymlary ýaly nurana häsiýetli aýdymçy zenan, Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa bilen gurnalan söhbetdeşlik saýtymyza ýerleşdirildi. Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen gurnalan söhbetdeşligi hem saýtymyzdan okap bilersiňiz! Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Şamyrat Artykow saýtymyzda myhmançylykda boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa  döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüňler berdi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Akmyrat Rejepow we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň folklor toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Pälwan Muhyýewiň sungat ýoluna gelşi baradaky söhbetdeşlikleri halajakdygyňyza ynanýarys.

 

Züleýha Kakaýewa :Mahmal owazyň eýesi

Döredijilik özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Muňa döredijilige ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň döredýän eserlerinde häsiýetleriniň şöhlelenmegi  şaýatlyk edýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine, mahmal owazly aýdymçy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha  Kakaýewa bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähirlilik, nuranalyk  Züleýhanyň ylhamly dünýäsine mahsus. Şonuň üçinem ol aýdym aýdanda mahmal owazy bilen ýüzündäki bagtyýar ýylgyryşy sazlaşyp, diňleýjileriň ruhuna ruh goşýar. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Kakageldi Seýitmuhammedow: — Ylham gorum bedewler

Döwrüň  belent ruhuny, durmuş gözelligini açyp görkezýän eserleri döretmekde alyp barýan işleri dogrusynda halypa suratkeş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi ök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Sungata ykbalyny baglan : Döwletgeldi Berdiýew

«Teatr — durmuşyň aýnasy» diýilýär. Şol aýnada dürli häsiýetdäki keşpler tomaşaçylara ýetirilýär. Spektaklda çykyş edýän artisleriň hemmesi bir maşgalanyň agzalary ýaly tomaşaçynyň göz öňünde galýar. Bir spektaklda çykyş edýän artistiň başga bir spektaklda-da oýnamagyna garaşmagymyzyň sebäbi, belki, şoldur. Bu köplenç biziň pikir edişimizçe-de bolýar. Käte bolsa şol artist garşyňda düýbünden başga häsiýetdäki keşpde peýda bolýar.  Hakyky artist halypalaryň aýdyşy ýaly dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrmagy başarmaly. Indi birnäçe ýyldan bäri Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyryp gelýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew hem şeýle ussatlaryň biri. Biz onuň bilen teatr sungaty dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Türkmen aýdymçysy Çynara: Türkmenistanlydygyma buýsanýaryn

 Türkiýede bilim alýan, Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň biri, Baha bilen ýerine ýetiren aýdyşygy  Türkiýede ýylyň aýdyşygy saýlanan, ýakynda özüniň ilkinji kitabyny okyjylara ýetiren  ildeşimiz Çynara bilen gurnan söhbetdeşligimiz göwniňizden turar diýip umyt edýäris! Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Hakberdi Hudaýberdiýew: Zehin bilen zähmet sazlaşanda…

Ýakynda aramyzdan aýrylan  halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylanda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halypa-şägirtlik mekdebiniň ussatlarynyň sungat äleminde bitiren işlerine belent sarpa goýulýandygyna ýene bir ýola göz ýetiripdik.

Sazyň joşgunly dünýäsinde ýaşaýaýanyna elli ýyla basalyk wagt bolan, şol ýyllaryň içinde ussat halypalar bilen duşuşyp, olaryň döredijilik maslahatlaryny, döreden nusgalyk saz eserlerini ýakyndan diňlemek miýessser eden halypa kompozitor bagtyýarlyk döwrümizden ylham alyp ajaýyp sazlary halka ýetirýär. Onuň döredýän her bir saz eserinde döwrümiziň belent ruhy açylýar. Biz hem halypanyň Şa serpaýyny gutlap, onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolupduk. Siz bu söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Sungata köňül beren : Öwezmämmet Galandarow

 

Teatr. Artist. Tomaşaçy. Sungatda aýratyn orny eýeleýän bu sözleri biri-biri bilen dramaturgyň ýazan pýesasy esasynda režissýoryň sahnada goýýan spektakly baglanyşdyrýar. Haçan-da, spektakl şowly bolanda teatr sahnasy bagtyýar pursatlaryň şaýady bolýar. Onuň esasy sebäpkärleriniň biri-de režissýordyr.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarowyň hem sahnalaşdyrýan spektakllary tomaşaçylaryň göwnünden turýar. Şol spektakllaryň aglabasynyň pýesasy hem hut şu ýerde döreýär. Biz Öwezmämmet Galandarow bilen teatr sungaty hem-de şu günlerde tomaşaçylara görkezilýän sahna eserleri dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Ýürekden çykýan owazlar : Begenç Hojaýew

Bary-ýogy üç harpdan ybarat bolan «saz» diýen ajaýyp sözde, ählimiziň köňlümizi awlap, dünýämize joşgun eçilýän ýaz ýaly ýakym bar. Zehinli kompozitorlar döredýän şirin owazly sazlary bilen ýürekleri nepis duýgulara besleýär. Şeýle zehinleriň biri hem, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň konsertmeýsteri, kompozitor Begenç Hojaýew. Onuň döredýän sazlaryny diňläniňde, millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygy, aýdym-saz sungatymyzyň ägirtleriniň ajaýyp eserleriniň döredijiligine täsiri mese-mälim duýulýar.

Biz hem döwrebap öwüşginli eserleri döredýän ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Tirkiş Amangeldiýew: Ýüregimde aýdym bar

Aýdym-saz ynsanlara ruhy lezzet paýlaýar. Hut şonuň üçinem biz hemişe şirin sazlaryň, owadan aýdymlaryň aşygy. Hoş owazlary diňlänimizde aýdym-saza bolan söýgimiz öňküdenden-de artýar. Diňleýjilere owadan aýdymlary bilen ruhy lezzet paýlaýan bilbil owazly aýdymçylar ýurdumyzda sanardan köp. Mylaýym heňli, ajaýyp aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklaryny begendirýän aýdymçylaryň biri, heniz ýaşdygyna garamazdan diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Tirkiş Amangeldiýew. Biz onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Gözel Öwezowa :Aýdymlary Ady Ýaly Gözeldir

Türkmen halky şahandaz halk. Ülkämizde ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Halkymyzda şirinden-şirin belent sesli aýdymçylaryň bolmagy biziň ählimizi buýsandyrýar. Diňleýjilerini özüniň ajaýyp owazy bilen göwünlerini galkyndyryp bilýän ussat aýdymçylarymyzyň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowadyr. Biz hem ýakynda zehinli aýdymçy Gözel Öwezowa bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýty üçin döredijilik söhbetinde bolduk. Biz hem ussat aýdymçynyň beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Toýguly Jepbarow :Kalba siňýän aýdymlar

Günler günlerden, döwür döwürden, ömür ömürden, zehin zehinden… zyýada. Edil şonuň ýaly, owaz owazdan zyýada. Muňa biz her aýdymçynyň özboluşly owazyny diňlänimizde-de şaýat bolýarys. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň…» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz zähmet hem yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Şeýle zehin, yhlas ussat halypalaryň döredijilik dünýäsinden eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň tebigy zehini bilen yhlasly zähmetiniň netijesinde döreýän şirin labyzly eserler aňymyzda hem kalbymyzda ebedilik ýaňlanýar. Şeýle bolansoň  halypalaryň aýdymlary könelmeýärem, garramaýaram. Gaýta, üstünden ýyllar geçdigiçe, täze röwüşe, öwüşgine eýe bolýar.

Daglardan akýan çeşmeler ýaly arassa, özboluşly heňe ýugrulan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirýän, türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň döredijilik mekdebini geçen halypa aýdymçy Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow hem şeýle ussatlara degişli. Biz halypa aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Altyn Goşaýewa :Halypa aýdym aýdanda…

…Ýakymly hem-de ajaýyp, dagdan akýan dury suwly çeşmeleriň sesi ýaly şirin labyzly, duýgudan püre-pür owazlaryň ylhamly dünýäsi kalbyňy gurşap alýar…

Halypa. Bu agramly hem-de abraýly söze mynasyp bolmak üçin ussatlaryň geçen döredijilik ýolundan geçip, taba gelmeli, «köp çorba sowatmaly». Ýöne bir geçmek hem däl, onda öz ýoluňy, öz yzyňy goýmagy-da başarmaly. Diňe şonda halypa-şägirtlik mekdebiniň, olaryň özboluşly ýolunyň dowam etmegine, sungatyň giň şahalarynyň geljege sary uzap, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere aşmagyna mynasyp goşandyňy goşup bolar.

Ýurdumyzda ussatlaryň sungat ýoluny mynasyp dowam edip, irginsiz zähmeti, zehin-yhlasy bilen ajaýyp eserleri döredip, zehinli şägirtleri ýetişdirýän halypalaryň baý we köptaraplaýyn döredijiligi dogrusynda näçe gürrüň etseň hem bärden gaýdýar. Şeýle halypalaryň biri, aýdym aýdanda mylaýymdan gelen ýakymly, özboluşly owazyny diňleýjileriň kalbynyň törüne ornaşdyrmagy başarýan, «Ýüzünden ýüregi görnüp duran», ajaýyp heňli aýdymlary ýaly nurana häsiýetli aýdymçy zenan, Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewadyr. Ol häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal müdiri bolup işleýär.

Biz ýakynda halypa aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew : Gel, obamyň lälesi

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen söhbetdeşlik etmegi ýüregime düwenimde ilki bilen şahyryň döredijiligi hakynda içgin öwrenmegi maksat edinip, ençeme maglumatlary elden geçirdim. Şonda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýewiň aşakdaky setirleri mende has uly täsir galdyrdy.

«…Allaýar aganyň terjimehaly hakda maglumatlara seredip oturşyma, ýene bir zada üns berdim. Allaýar aga Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky sowhozynda doglup, önüp-ösüp, Magtymguly adyndaky uniwersitetde bilim alyp, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda-da işläp, gözel paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunda ýaşaýar. Bu bäşlik tötänlikmi ýa-da…» — diýip, ýazýar. Biz ýakynda aýdymçy  şahyr Allaýar Çüriýew bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Aýdymçy Şamyrat Artykow: Halypalaryň ýoly bilen

“Şamyradyň aýdymlaryny teleradioýaýlymlarda eşitdigim, gulaga öwrülip diňleýärin. Aýratynam ol tarda aýdym aýdanda, biygtyýar halypalar ýadyňa düşýär. Olaryň ýoluny mynasyp dowam edýän şeýle şägirtleriň zehinine guwanýarsyň” diýip, halypalaryň biriniň ýaş zehinli aýdymçy barada aýdan gürrüňleri ýadymda. Diňleýjileriň köpüsiniňem şeýle pikirdedigi ikuçsyz. Özüm-ä, Şamyradyň tarda aýdym aýdyşyny teleýaýlymda ilkinji sapar görenimde “Şagirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen nakylyň ýönelige döremändigine ýene bir ýola göz ýetiripdim. Şondan bäri köp wagt geçmedigem bolsa, Şamyrat halypalaryň aýdymlarynyň birnäçesini täzeçe öwüşginde ýerine ýetirip, heniz ýaşdygyna garamazdan köpleriň söýgüsini gazanyp, diňleýjilerini tapmagy başardy. Diňe zehin bilen zähmet sazlaşanda şeýle üstünlige ýetip bolýar. Şamyrat häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby. Ýakynda ýaş zehinli aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Amanbibi Mämmedowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

Ajaýyp owaza ýugrulan, owadan aýdymlary diňlesek göwnümiz göterilip, aýdym-saza bolan söýgümiz öňküsinden-de artýar. Bu elbetde, jadyly sungatyň güýjünden habar berýär. Aýdymçy üçin ajaýyp aýdymlary diňleýjilere ýetirmekden uly bagt ýok bolsa gerek. Biziň söhbetdeşimiz aýdymlaryndan daşgary belent joşguna ýugrulan gazallary bilen  halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan zenan aýdymçy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa. Onuň ýerine ýetirýän aýdymlary we gazallary özboluşly owaza ýugrulandygy bilen tapawutlanýar.

Biz Amanbibi Mämmedowany ýurdumyzda uludan toýlanyljak Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Akmyrat Rejepow : «Ol şirwan perdäňe, galsana bagşy!»

Dessançy bagşy diýilse, Aşyk Aýdyň piriň mekany ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýaty göz öňüňe gelýär. Ýedi aşygyň goluna gazma dutaryny aldyran, Görogla gyratynyň üstünde bäş keleme söz sözleden dessançylyk sungatynyň giňden ýaýran Daşoguz topragynda bu ugry köňül hemrasyna öwren dessançy bagşylar az däl. Olaryň halypa-şägirtlik mekdebinden ugur alyp ýetişdirýän zehinli şägirtleri milli sungatymyzy dowam etmäge mynasyp goşant goşýarlar. “Ata kesbi — ogla halal” diýlişi ýaly, çagalygyndan kakasynyň dutarda ýerine ýetiren aýdymlaryny diňläp kemala gelen şeýle ýaş zehinleriň biri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Akmyrat Rejepow. Dessançylyk sungatyna köňül beren Akmyrat halypalardan tälim alyp bu ugurda öz ussatlygyny görkezýär. Biz onuň bilen sungat älemine gelşi, bagşyçylyk ýolunyň aýratynlyklary dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Pälwan Muhyýew: — Alypbaryjy bolmak üçin…

Birnäçe ýyl bäri alyp baryjylyk sungatynda ussatlygyny görkezip, toý dabaralarynyň joşguna, ajaýyp çykyşlara beslenmeginde mynasyp goşant goşup gelýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň folklor toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Pälwan Muhyýewiň sungat ýoluna gelşi, döredijilik we durmuş baradaky garaýyşlary köpimizi gyzyklandyrýandyr. Şeýle bolansoň «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin Pälwan Muhyýew bilen söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijilik işgärleriniň birnäçesine hormatly atlar dakyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şa serpaýlaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleri ýürek buýsançlaryny «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtyna şeýle beýan etdiler. Siz bu gyzykly ýürek buýsançlaryny gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Ähli söhbetdeşlikleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Bulary hem okap bilersiňiz

Söýgüli Setirler: Ähli Söýgi Eserleri

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

 

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda