JEMGYÝET

Söýmäge geldim

Inçelen umytlam tutunyp hemdem,

Kalbymyň sesini diňle sen bir dem,

Ýakynlaşýanmy ýa daşlaşýan senden?!

Söýgi sowallaryn bermäge geldim.

 

Derde goýan dideleriň zary men,

Ýürek gysýar ýalňyz galan ýaly men,

Dolan dünýäm ykbalyma many sen,

Görkümi gözleňde görmäge geldim.

 

Ykbalym arzuwlar bagta duşmagy,

Syrly bakyşlarda söýgiň buşlugy,

Dünýe berip dolap bolmaz ýaşlygy,

Gaýgynyň ody men sönmäge geldim.

 

Ýüregimiň ýary sende galypdyr,

Yşgym ömrüň sepgidinden agypdyr,

Ykbal sabryň böwedini ýarypdyr,

Mähre maýyl bolup söýmäge geldim.

 

Bagt barmydyr ataş ýollan gözleňde,

Ylham gördüm söýgi siňen sözleňde,

Janym, meni gussalara dözseňde,

Bakyşlaň bakylyk diýmäge geldim.

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

Related posts

Türkmenistan : Dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Türkmenistanda ýylyň ussat bagbany belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Pekindäki resmi kabul edişlik dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri