JEMGYÝET

Dünýäniň iň beýik gorizontal binasy açyldy

“Raffles City Chongqing” atly giň göwrümli taslama 4,8 milliard dollara deň bolup, ol amerikaly, kanadaly we ysraýylly arhitektor Moşe Safdi tarapyndan taslamalaşdyryldy. Taslama 8 sany gökdiräňden ybarat. Dört diň 250 metr belentlikde resmi taýdan “Kristal” (Eng. Kristal) diýlip atlandyrylýan binalaryň keseligine gurluşyny saklaýar. Bu barada “Rambler” internet portaly habar berýär.

Myhmanlary Kristal binasynyň birinji gatynda Hytaýyň Çunsin welaýatynyň  taryhy we ösüş ýoly barada gürrüň berýän sergi garşy alýar. Bu sergi “National Geographic” bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Ýokary tizlikli lift bilen myhmanlar binanyň çür depesine çykyp bilýärler. Ol ýerde hem olary Mars planetasy baradaky sergi garşy alýar.

Binanyň çür depesindäki synlaýyş meýdançasyndan şäheri synlamak mümkin.

Related posts

BTS öz tomaşaçylaryna koreý dilini öwretmek isleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanlı sporcular zafere doymuyor

vepa

Türkmen Petrol şirketi Uluslararası Petrol Fuarına katıldı

vepa