DÜNÝÄ

Sloweniýa täze Prezidentini saýlady

Nataşa Pirs-Musar Sloweniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Hiç hili partiýadan dalaşgär görkezilmedik Nataşa Pirs-Musar 54 göterim ses aldy. Ýurduň Demoktarik partiýasynyň wekili Andže Logar bolsa, sesleriň 46 göterimine eýe boldy.

Şeýlelikde, garaşsyz dalaşgär Pisr Musar Sloweniýanyň ilkinji zenan prezidenti boldy.

Sloweniýada prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 23-nji oktýabrda geçirildi. Şonda Logar sesleriň 33,96 göterimini, Pirs Musar bolsa, 26,87 göterimini alypdy.

Ýurduň täze saýlanan Prezidenti 23-nji dekabrda wezipesine girişer. Şol gün ýurduň häzirki Prezidenti Borut Pahoryň 5 ýyllyk prezident wezipe ygtyýarlygynyň möhleti tamamlanýar.

Related posts

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

Meeting of the Council of the Heads of Governments of the CIS

vepa

Leave a Comment