JEMGYÝET

“Sirk we sirk sungaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

Şu gün ýurdumyzyň resmi gazetinde “Sirk we sirk sungaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny çap edildi. Bu kanunçylyk resminamasy sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk we durmuş-ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Sirk tomaşalarynyň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, sirkleriň işiniň hukuk esaslaryny we onuň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini kesgitleýär, şeýle hem raýatlaryň estetiki terbiýesine, olaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Kanunçylyk resminamasy 9 bapdan we 35 maddadan ybarat.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Pakistan’ın Mango festivali Aşkabat’ta kutlandı

vepa

Leave a Comment