JEMGYÝET

Şawkat Mirziýoýew: Türkmenistanyň parlamentiniň täze düzümi ýurduň ösüşine uly goşant goşar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Bu gutlag hatynda Türkmenistanyň Mejlisine we ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen gutlanyldy.
Onda hususan-da şeýle diýilýär:

– Türkmenistanyň Mejlisine we ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik ýörelgeler esasynda üstünlikli geçirilendigi mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Parlamentiň täze düzüminiň özüniň netijeli işi bilen Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine, ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ilatyň hal-ýagdaýynyň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Saýlawlaryň netijeleri Siziň baştutanlygyňyzda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasynyň türkmen halky tarapyndan dolulygyna goldanylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has ýokary derejä çykaryljakdygyna we iki doganlyk halkyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

“Ferrari” özüniň ilkinji elektrikli ulagyny tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalygy kabul etdi

Ata Watan Eserleri