ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Saparmämmet Mollaniýazow:   Watan waspy — ylham ganaty

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» Saparmämmet Mollaniýazowyň döredijiligi hakynda öňdenem gyzyklanýardym. Onuň teleýaýlymlardaky çykyşlaryny diňläniňde-de, meşhur sungat wekilleri barada düşüren dokumental filmlerine tomaşa edeniňde-de baý durmuş hem zähmet tejribesiniň bardygyna göz ýetirip bolýar.Ol ses režissýor, kino režissýor hünärleri boýunça ýokary bilimli, ömrüni kino sungatyna bagyşlan halypa. Bu ugurdan bitiren hyzmatlary üçin ol dürli ýyllarda döwlet sylaglarynyň ençemesine mynasyp boldy. 1970-nji ýylda «Edermenlik», 1987-nji ýylda «WeteranTruda», 2011-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy. 1967-nji ýylda Türkmenistanyň kinomatografiýaçylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. 1991-1995-nji ýyllarda ol kinoçylaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlandy.Oguz Han adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginde ses režissýor hökmünde ol «Aýgytly ädim», «Magtymguly», «Gämiçiniň jany bir», «Japbaklar», «Ýok diýmegi başar», «Ölüm ýokdur oglanlar», «Aldar köse», «Meniň dostum Meleguş», «Çöl garaşýar» atly çeper we başga-da elliden gowrak dokumetal we çeper — publisistik filmleriň seslerini ýazga geçirdi. Ol barada ahyry bir gün makala ýazaryn diýen pikirdedim. Her gezek dermanhana barsam onuň bilen gabatlaşýarys. Asyl onuň öýi öýümizden uzakda-da däl eken. Geçen ýyl hem dermanhana baranymda ol gabat geldi. Şonda Sapar aga özi barada makala ýazmak pikirimiň bardygyny aýtdym. «Nesip bolsa, arkaýyn gürrüňdeş bolarys, ýöne häzir ýaramok, ýakynda keselhanadan çykdym» diýdi. Şonda telefon belgisini aldym. Her wagt jaň edip hal-ýagdaýyny soraýaryn. Saglygynyň entek ugrunyň ýokdugyny sesinden aňýardym. Ahyry iki-üç hepdelikde ol maňa jaň edip, işe çykandygyny aýtdy. Şonda oňa şenbe güni iş ýerine barjakdygymy ýaňzytdym. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Kino we teleradio sungatlary» kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär. Segsen ýaşdan geçen ýaşuly eken. Tüweleme, daş keşbinden onça ýaşandyr öýdemokdym. Ýöne gaty ýarawsyz eken.«Aýaklarym çişýär, köwüş geýmek kyn. Böwreklerimde kemçilik bar» diýip ýagdaýyny aýtdy. Şonuň üçin ol öz durmuş ýoly, döredijiligi hakynda maglumatlaryň ýazgysyny, surata düşüren filmleriniň wideo ýazgylaryny, arhiw suratlaryny kompýuterden toplap elektron görnüşde berdi. Ilki bilen onuň gül-gülälekli owadan sähramyzda gollaryny ýaýyp düşen buýsançly suraty bada-bat ünsümi çekdi.Suratyň gapdalynda bolsa ynha,  şu jümleler ýazylgy.«Men nirede bolsam-da, goý ol Los-Anželas ýa-da Kolorado Springs, Pariž ýa-da Dubaý, Berlin ýa-da Siýan, Nýu-Ýork ýa-da Warşawa, Stambul ýa-da Praga, Krakow ýa-da Zagreb, Damask ýa-da Tallin, Tbilisi ýa-da Tehran, Sankt-Peterburg ýa-da Nowosibirsk bolsyn… hemişe öz öýümi küýseýarin, çünki ol ýerde çölüm, deňzim, daglarym, giň sähralarym maňa garaşýar… Sebäbi bu toprak, meniň eziz Watanym — Türkmenistanym! Meniň eziz ojagym!»

Makalany şundan başlamaly diýen pikir kalbyma doldy. Çünki, her bir ynsanyň ykbal ýoly Watanyndan başlanýar. Sapar aganyň hem ähli döredijiligi eziz Watanyna bolan çäksiz söýgüden gözbaş alýar. Ol tutuş ömrüni sungata bagyşlap, ýurt hem halkara derejesinde gazanan at-abraýy bilen daşary ýurtlaryň ençemesinde halkara festiwallara gatnaşdy we abraýly baýraklara mynasyp boldy.Ol entek ýaňy orta mekdebi tamamlan badyna, mähriban käbesiniň: «ýurt görersiň, git» diýen ak patasy bilen başlanan ilkinji ädimlerinden ejesiniň özüne bildirilen beýik ynamyny ödemek, mukaddes ojagyna, dogduk mekanyna, ata Watanyna şan-şöhrat getirmek hakyndaky arzuwlaryny kalbyna bakylyk aýdymy hökmünde ýazdy. Şonuň üçin ol diňe bir ýurt görmek bilen çäklenmän Watan gymmatlyklaryna bolan beýik söýgüsini döredijiligi bilen dünýä ýaýdy.Onuň durmuş hem döredijilik ýoly hakyndaky gürrüňleri özünden eşitmek has-da täsirli. Şonuň üçin Sapar aga bilen biraz gürrüňdeş bolduk.Ol

— 1938-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Çeleken şäherinde doguldym. On bir dogandyk. Geologlaryň maşgalasynda önüp-ösdüm. Uly agam Goturdepede baş geolog bolup işleýärdi. Kakam 1938-1941-nji ýyllarda Çelekende Himiýa zawodyň başlygy bolup işleýärdi.1941-1945-nji ýyllaryň watançylyk urşy başlananda kakamy urşa aljak bolýarlar. Ýöne şol wagt Moskwadan front üçin Çelekeniň ozakritinden nebit öndürmek barada habar gelip, kakam urşa alynman galdyrylýar.

Şeýlelik bilen  Çelekende täze zawod gurlup, kakam şol zawodyň başlygy wezipesine bellenipdir. Uruşdan soň, ol zawod ýapylýar. Soň 1946-njy ýylda kakam Nebitdag şäherine işe bellenýär. Şol döwür Nebitdag «Türkmennebit»  birleşigi açylýar. Kakam şol birleşikde orunbasar wezipesinde işini dowam edýär. Okuwçy wagtym kakam her gün işden gazet getirýärdi. Şol gazetleri uly gyzyklanma bilen okaýardym. (Krasnowodskide) häzirki «Türkmenbaşy» şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawod bar eken. Bir gün şol zawod barada makala okadym. Makala maňa gaty täsir etdi. Nebitçileriň işi hakynda gyzyklandyrdy. «Ol ýerde nebitden birnäçe önüm öndürýärler. Ulalamda şol zawodda işlesem, belki, menem nebitden önüm öndürerin» diýip pikir edip başladym. 10-njy synpy gutaryp, şol ýyl üç  sany ýokary okuw jaýyna synag tabşyrdym. Ejeme-kakama Baku şäherindäki ýokary okuw jaýynda okasym gelýändigini aýtdym. Olar garşy bolmadylar. Onsoň şol institutyň himiýa tehnologiýasy fakultetine synag tabşyrdym. Dört synagdan geçdim, 5-nji synagdan geçip bilmedim. Yzyma gaýtmaly boldum. Aşgabada geldim. Şol döwür okuw gündizki, agşamky hemde gaýybana üç görnüşde okadylýardy. Häzirki Magtymguly adyndakyTürkmen döwlet uniwersitetine synag tabşyrdym. 1-nji sentýabrda okuw başlady. Bir aý okadyk. Bir gün fakultetiň dekany gelip: «Lelingradda (häzirki Sankt-Peterburg) Kinoinženerçilik instituty bar. Şol institutda okamaga isleg bildirýän talyplara mümkinçilik bar. Ýöne hökman talyplar fizika matematika fakultetden bolmaly. Aňyrda synag tabşyrmaly, eger-de synagdan geçip bilmeseňiz bärdäki okaýan ýeriňiz köýýär. Öýüňize baryp maslahatlaşyň, ertir habaryňyzy soramaga gelerin» diýdi. Onsoň menem ejeme jaň edip bu ýagdaýy aýtdym. Ejem: «Ýurt görersiň git» diydi. «Eje, birden synagdan geçip bilmesem, bärdäki okuwymam köýýär eken» diýdim. «Ýok-ýok gez, ýurt görersiň git» diýdi. Öýe bardym. Ejem içki köýnegime jübi tikdi, içinede pul goýdy. «Içki köýnegiňi çykarmagyn. Eger synagdan geçseň-ä galarsyň, geçip bilmeseňem puluňy alýaňda bir günem gijä galman göni kassa barda Aşgabada petek al» diýip tabşyrdy. «Bolýa» diýip, otluda Aşgabat-Daşkentiň üsti bilen Moskwa, soňra bolsa Lelingrada gitdim. Lelingrada otly daňdan bardy, güýçli ýagyş ýagýardy, howada sowukdy. Otludaky barýan bir adam maňa taksi tutup kömek berdi. Instituta bardym welin, hiç kim ýok, oturdym. Soňra bolsa adamlar gelip başlady. Bir ýaşuly rus adam geçip barýardy. Oňa:«Şu myhman size garaşýar» diýip aýtdylar. Ol ýanyma gelip salamlaşdy. «Sag-aman geldiňizmi, ýörüň iş otagyma baraýalyň» diýdi. Bardyk. Soň synag tabşyrmaly boldum. Institutda birinji synagda rus dilinden diktant ýazmaly, 5-lige ýazdym, ikinji synag fizikadan, üçünji synag matematikadan, ikisindenem 4-lik baha aldym. Şeýlelikde 1957-1962-nji ýyllarda şol institutda okadym. Instituty tamamlamsoň maňa Türkmenistan «Aşgabat şäheri» kinostudýa «Türkmen film» diýip ýollanma berdiler. 1962-nji ýylyň 12-nji awgustynda kinostudýada işe başladym. 5-6 aý işledim welin, soňra meni Moskwa şäherine SSSR-iň kinomatografiýa baradaky Döwlet komitetiniň ýanyndaky iki ýyllyk ssenaristleriň we režissýorlaryň ýokary kursuna okuwa ugratdylar. Okuwymy gutaramsoň birnäçe filmleriň ses režissýory, birnäçe filmleriň režissýory boldum. Şol filmleriň arasynda dürli pudaklar bilen birlikde geologlaryň durmuşyndan söhbet açýan çeper hem dokumental filmler bar. «Synag» atly gysga göwrümli dokumental filmi Gazojakda surata düşüripdik. Filmiň baş gahrymany SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi buraw ussasy Okop Ogonýanyň zähmet ýoluna bagyşlanýar. «Ýedinji alaň» atly filmim hem nebit-gazçylaryň durmuşyndan surata düşürildi. Söýuz döwründe geologlaryň durmuşyndan «Nebite tarap ýol» atly ýene-de bir filmi surata düşüripdim. Şol filmiň ilkinji gözden geçirilişi merkezi serkerdeler öýünde bolupdy. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler gelip, gaty kän adam gatnaşypdy. Umuman, ýaşlygymdan geologlaryň gyzykly hem juda kyn zähmetine bolan söýgim, bu ugurdan işlemedik bolsam-da döredijiligimde aýratyn orun tutdy. Kakamyň hem geolog agamyň bir mahal düşen foto suratlaryny şahsy arhiwimde gymmatly miras hökmünde saklaýaryn.Ynha, şu1964-nji ýylda düşülen surat. Bir gün işden gelsem öýümize kompozitor Nury Halmämmedow gelipdir. Ol: «Maňa kinostudiýadan deňiz hakynda maglumat toplamagy tabşyrdylar. Men bolsa heniz deňzi baryp gören adam däl» diýdi. Şonda kakama jaň etdim.

«Geläýiň» diýdi. Kakamyň köneje «pobeda» ulagy bardy. Şol ulagy bilen Çelekenden Nebitdaga bardyk. Şol gezek kinorežissýor Ýazgeldi Seýidow, men, Nury Halmämmedow geolog agam hemem onuň geolog kärdeşi dagymyz deňizde surata düşüpdik — diýip gürrüň berdi. Ýaşuly kinorežissýoryň durmuş hem döredijilik ýoly hakyndaky täsirli gürrüňlerinden, baý tejribesinden öwrenmäge juda kän maglumatlaryň barlygy diýseň begendirdi. Ol: «Moskwada okaýan döwrüm surata düşürilýän filmlerde sýomka gatnaşyp tejribämi artdyrdym. Okuwymy gutaramsoň, dokumental filmleriň ses režissýory boldum. Bir gün kinostudiýäň başlygi Iwan Lawrentýewiç Repin meni ýanyna çagyryp: «Berdi  Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany esasynda uly göwrümli filmi surata düşürmäge başlanjak. Men seni şol filmde ses operatora hödürlejek bolýan» diýdi. Şeýlelikde «Aýgytly ädim» filmine başladylar. Filmde birinji režissýor Moskwadan Durasow, ikinji režissýor Alty Garlyýew.  Iwan Lawrentýewiç Repin döredijilik topary ýanyna çagyrdy-da: «Men size ýäş ses operator Sapar Mollaniýazowy hödürleýän» diýdi. Aý, şeýdip gürrüňdeşlik dowam etdi. Gürrüňdeşligiň soňunda A.Garlyýew direktora: «Iwan Lawrentýewiç bu uly film. Sapar entäk ýaş, ol bu işi oňarmaz» diýdi. Şeýdip meni birinji ýygnakda oňlamadylar. Soň Repin topary ýene çagyrdy. 2-nji gezek A.Garlyýew ýene-de: «Ýok, ol bu işi oňarmaz. Men bilýän «ýaş hünärmen oglan geldi» diýip aýtdylar. Gowudygyny, zehinlidigini eşidýänem, ýöne edil häzir ol bu uly işi oňarmaz» diýip göwnemedi. Soň moskwaly režissýor — Durasow: «Atly Garlyýewiç biz režissýorski ssenari ýazmaly, şu oglany alaýaly. Şol režissýorski ssenari ýazanymyzda: režissýor, operator, ses režissýor, suratkeş, filmiň direktory girýär. Režissýorski ssenari kagyzdaky film, şonda göreris işini oňarýamy, oňaranokmy» diýdi. Şeýdip meni topara aldylar, režissýorski ssenari ýazyldy. A.Garlyýewiçem, Durasowam iş başarnygymdan razy boldular  we «Aýgytly ädim» filminde ses režissýor boldum» diýip gürrüň berdi.Öýe gelemsoň, Sapar aganyň beren ýazgylaryny gözden geçirdim. Dürli ýyllarda, dürli neşirlerde çap bolan biri-birinden täsirli makalalary okap çykdym. Onuň döredijiligi barada dürli kärdäki muşdaklarynyň gürrüňlerini wideoýazgylardan diňledim. Has göwnümden turan makalalaryň käbirlerinden parçalary okyjylara ýetirmegi ýerlikli hasap etdim. Sungat öwreniji ylymlarynyň doktory, professor Gülnara Abikeýewanyň «Sowet döwrüniň merkezi aziýa dokumental filmleri — milliligiň faktory hökmünde» atly «Kino kultura» issue 24 (2009)žurnalyndaky makalasyndan bir parça.

Sapar Mollaniýazowy milli türkmen dokumental kinematografiýasynyň düýbüni tutujylaryň biri hökmünde häsiýetlendirse bolar. Onuň «Guýy ussasy», «Serdalik» (Keçe-keçe), «Çopanyň arkadaýanjy» we beýleki birnäçe filmleri türkmen halkymyzyň milli däp-dessuryny beýan edýär. Ol türkmen halkynyň medeniýetini we ýasaýşyny, adam bilen tebigatyň bitewiligini görkezmek üçin gündelik durmuşdan alnan materiallary ulanýar. Mollaniýazowyň dokumental filmlerini hem, edil Hojaguly Narlyýewiň çeper filmleri ýaly türkmen halkynyň aýdyň ensiklopediýasy diýip atlandyrsa bolar.Taryhyň, lälezarlygyň, diliň, medeniýetiň we rowaýatlaryň jähtinden seredeniňde, bu režissýorlaryň filmlerinde biz, millilik taýdan öz-özüňe düşünmekligi görýäris. «Guýy ussasy» filminde Mollaniýazow suw gözleýän ussanyň täsin we asylly  kärini görkezýär. Gadym eýýamlardan bäri adamlar tebigatyň çöldäki ujypsyzja, hatda göze görünmeýän hadysalaryna: kä ýerdäki duş gelýän gök otjagazlara, aýak astyndaky çägäniň sesiniň üýtgemegine, asmandaky süýşüp barýan bölejik buluda pitiwa edip, suwuň nirede bolup biljekligini kesgitlemegi başarypdyrlar. Şu filmiň gahrymany hem seyle adamlaryň biri. Filmiň gurluşy hem örän möhüm. Filmiň başynda bize guýy gazylyşyny,ýagny örän asuda ýagdaýda onuň gurluşygyny görkezýärler. Soňra bolsa,filmiň agramly bölegini tutýan kinokadrlaryň uzyn hatary göz öňümizden geçýär. Bu kadrlarda suw gözleýän gojanyň guýy gazmaly ýerini saýlamakda ýalňyşanlygy, şonuň üçinem guýy gazylan ýerden suw çykmanlygy görkezilýär. Filmiň jemleýji kadrlary bilen birlikde, beýan edişiň saýlanyp alnan formasy: uzaklarda ýitip gidýän gojanyň keşbinde,däp bolup giden medeniýeti saklaýjylaryň kem-kemden hemişelik ýitip barýanlygy bilen bagly gynançly duýgyny oýarýar.Umuman alanymyzda, Sowet döwründe-de Merkezi Aziýanyň dokumentalistleri birnäçe etnografiki filmleri döredipdirler.Olaryň käbirleri,iň bolmanda öz regionynda, halkyň gündelik durmuşyny we medeniýetini ebedileşdirdiler.Bu filmler uly  ussatlar tarapyndan döredilenligi üçin,tomaşaçylarda milliligiň asyl nusgasynyň  aýratynlygyny we ajaýyplygyny duýmaklygy terbiýeleýär.

Ynha, ýene-de bir täsirli makala. Ol Wladimir Ardaýewiň Sapar Mollaniýazowyň dokumental filmlerine ýazan syny.

«Sapar Mollaniýazowyň saýtyny hezil edip synlaýan wagtym, ýaşlykda türkmen topragynda başdan geçiren wakalarym dessine ýadyma düşýär. Garagumuň jümmüşindäki düýe kerweni, altyn çägeler, daş-töweregiňdäki edermen, gujurly adamlaryň ýatdan çykmajak keşbi göz öňüme gelýär. Sapar Mollaniýazow hem şolar ýaly öz zähmeti bilen şahsyýet derejesine ýeten adamlaryň biri. Onuň döredijiliginde gözellik bilen raýatlyk garaýyşlar şeýle bir garyşylan welin, bu ikisiniň haýsynyň köpdügini saýgarmak mümkin däl. Saparyň ähli işlerinde ýokary raýatlyk, aňyýet öz beýanyny tapýar. Filmlerde halkylyk çeper kino dili bilen görkezilýär, kä görseň asudadan dana, kä ýerde şeýle joşgunly, hyjuwly, emma mydama gaýtalap bolmajak özboluşly diňe Mollaniýazowa mahsus bolan häsiýetli gözellik bar.Ol kinomatografiýada her kime başartmaýan öz kino dilini tapyp bilipdir.Sapar islendik kinosyny düşürende-de dokumental bolsun,  doly metražly, bir bölümden ybarat bolsun, mahlasy haýsy temadan söz açsa-da öz köklerine dolanyp gelýär. Ol onuň mähriban topragynyň gymmatlyklary, esasy gymmatlyk-adamlar. Bu ugur Saparyň ilkinji filmlerinden belli bolýar. Bu ussadyň ähli işleriniň gözbaşy döredijiliginde başlanan pursatlaryndan taplanyp, gözellige ýugrulyp ýüze çykanlygyny aýdyň görkezýär. Şeýle bolansoň Sapar Mollaniýazowyň «Guýy ussasy» filmindäki baş gahrymany onuň özi bilen deňeşdirip bolar. Guýy ussasy çölde ýer gatlaklarynyň astynda suwuň bardygyny anyklap nireden gazmalydygyny görkezýär. Mollaniýazow bolsa ýüzlerçe kino plýonkalaryň içinden many-mazmuna ýugrulan ýaşulularyň dana sözüne meňzeş, bagşylaryň şirin owazyna meňzeş kinohekaýatlary döretmegi başarýar. Maňa Sapar Mollaniýazowyň  «Ýaşamaga hakly» atly filminiň edebi esasyny ýazmaga gatnaşmak miýesser etdi. Bu film 80-nji ýyllaryň ortalarynda surata düşürildi.Ol wagtdan bäri köp wagt geçdi, çaýlar çeşme boldy, depeler dag. Sapar Mollaniýazowyň ady türkmen kinomatografiýasyny aňladýar,Ýewropada-da, Golliwutda-da ol tanalýan adam. Maňa diňe «Eho» saýtyny döredenlere minnetdarlyk bildirip, Sapar Mollaniýazowyň döredijiligi barada, başga-da gyzykly maglumatlaryň ýerleşdirilmegini arzuw etmek galýar». Munuň yzyny Tatýana Ardaýewanyň Sapar Mollanyýazowyň dokumental filmlerine beren syny bilen dowam edýäris. Ol şeýle diýýär.

«Sapar Mollaniýazowyň filmleri berk, mert dokumental kino, şonuň bilen birlikde ýumşak, kä halatlarda tomaşaçysyny heýjana salýan, kä halatda kalbyňy lerzana salyp, pikirler, oýlanmalar ummanyna ataryp bilýän filmler.

Filmler Garagum jümmüşinde işleýän nebitçiler hakda bolsun, tanymal aktrisanyň grim edýän otagy bolsun, köpi gören aksakallar ýa-da türkmen tebigaty hakda bolsun bu temalaryň ählisi hiç mahal öz ähmiýetini ýitirmez.Olarda ussatlyk, dokumentallyk, has takygy öz ata Watany Türkmenistana hem-de onuň zähmetsöýer adamlaryna guwanç we hormat bar. Sapar surata düşürýän filmlerinde diňe bolup geçýän wakalary görkezmek  bilen çäklenmän, şol gahrymanlaryň içki dünýäsini, iş başarjaňlygyny, olaryň inçe duýgularyny, adamkärçiligini ussatlyk bilen görkezip bilýär. Sapar Mollaniýazowyň gahrymanlary hem onuň özüne meňzeş, şol kino gahrymanlarynda jemlenen beýik häsiýetler onuň özüne-de  mahsus.Öz gahrymanlaryna uly hormat bilen çemeleşip, wakalara ünsli seretmek, geçmişe aýawly garap, Watany söýmek Saparyň ussatlygyny has-da beýgeldýär.Ol  adamlary, durmuşy söýýär, şu häsiýetlerem ekranda mese-mälim görünýär. Onuň ýene bir häsiýeti, ol mydama gözlegde, zähmetde. Haýsy işe başlasa-da yhlas bilen ýapyşyp, şol işi ýokary derejede tabşyrmagy başarýar. Goý, onuň bu asylly işinde gelejekde hem diňe üstünlikler hemra bolsun!» Bu bolsa, meşhur rus dramaturgy, kino tankytçysy Leonid Gurewiçiň (Moskwa) makalasyndan:

«…ölçegi hakykat ýüzünde duýmak, çözgüdiň bitewiligi, gysgalyk we dünýäniň şahyrana beýany — şularyň hemmesini Sapar Mollaniýazowyň «Keçe-keçe» (Serdalik) filmi özüne siňdiripdir. On minutlyk tomaşa, şeýle göräýmäge kino reportaž ýaly: gadymy milli oýun ýazgy (sýomka) edilýär. Oýunçy ýaşulularyň birinde ýüzük gizlenen. Tolgunmanyň örän inçe nyşanlarynyň üsti bilen, barlaýjy «boşlary» oýundan çykarýar we ahyry ýüzügiň kimdedigini aýan edýär. Elbetde sýužetiň ekranda beýan edilişi öz takyklygy we gurnalan hilesi (intrigasy) bilen özüne çekýär. Şeýle-de bolsa ýaşulularyň ýalkymly portretleriniň giden tapgyry welin has tolgundyrýar. Ruhy kanagatlanma döredýär. Munda adam häsiýetleriniň ähli taraplary açylan: mekirlik, sadalyk, rahat paýhas, tolgunma bilen göreş, gyzma bitakatlyk, aňtaýjynyň ylhamy hem-de ýeňijiniň dabaralanmagy …  Eger-de has takyk aýtsak — portret däl. Biziň gözümize portretiň ýyndamja çyzyklary görünýär. Bu filmde geň we ynandyryjy usullaryň, başarnygyň kömegi bilen: şol çyzgylar (ştrihi) giden bir halkyň portretini çekýär-de, bälçik paýhasly ýaşulynyň umumy keşbini döredýär oturyberýar. Buýsançly mertebesini we ýiti gyzmalygyny nogtalap bilýän ynsanlar olar. Filmiň etnografiýa häsiýetiniň şahyranalyga öwrülmegi hökmany, ýöne onuň sepi bildirmän ýüze çykýar. Başarjaň, emma açyk görünmeýän režissuranyň üsti bilen ýaşulularyň erkinligi gazanylýar. Içki duýgulary açylýar. Takyk uzaklyk (metraž) hem-de gysga saz kakuwlary eseri  diýseň gözelleşdirýar. «Keçe-keçe» — Respublikanyň   dokumental kinosunyň jedelsiz üstünligidir: Bütinsoýuz kinofestiwalynda alan altyn medaly — bu filmiň mynasyp şaýatnamasydyr. Meniň pikirimçe bu filme uzak we bagtly ömür berlendir. «Çölüň sowgatlyk reňkleri», «Çölde dogrulanlar» ,«Ýedinji alaň» ýa-da «Tüýdük» mysaly — bu film hem Respublikany tanadýan nyşanlarynyň biri bolmaga dalaş edýän  eserdir». Şeýle makalar başga-da kän,  ýöne kino dramaturg Hudaýnazar Alowowyň makalasyndan bir parça bilen çäklenmekçi.

«Sapar Mollaniýazow 1970 – nji ýyllaryň ahyrynda türkmen dokumental kinosyna gelen rezissýorlarymyzyň biri. Ol täze bir öwüşgine täze kinolaryň döremegine sebäp bolanlaryň biri. Sapar Mollanyýazow bilen men birnäçe filmlerde redaktor bolup işleşip gördüm. Onuň bilen işleşmek bir tarapdan örän gowy, öz işini bilýär, beýleki bir tarapdan onuň bilen işleşmek agyr, öz işine erjel ýapyşýa, gaty talapkär kinorezissýor. Ol eline ssenariýa berilenden soň okap anygyna ýetmese, şol bolmaly ýeriň töweregini görmese, anyk analiz etmese, düşünmese syomka başlaýan adam däl. Ol ylahy berlen zehinleriň biri. Surata düşüren filmleriniň üsti bilen halkymyzyň däp-dessurlaryny açyk görkezmegi, gahrymanlaryň häsiýet aýratynlyklaryny, olaryň ýüz keşbini, ruhy gözelligini görkezmegi başardy. Ol «Ýaşuly» atly filminde hem düzzüm oýnaýan ýaşulularyň üsti bilen türkmen ýaşulusynyň akyl-payhasyny, ruhy gözelligini görkezmäge çalyşdy. Onuň döredijiliginde  publisistik filmler topary-da bar. Publisistik filmlerde alýan filminiň wakasyna seredip, anyk pikirlenip, ortada mesele goýup, şol meseläniň çözgüdini tapyp, gyzykly edip tomaşaçylara görkezmegi başardy. Ol dürli pudaklara degişli filmleri surata düşürdi. «Toprak garaşmaýar» atly filminde ýer barada, daýhanyň durmuşy barada mesele gozgady. Türkmenistan Diýarymyz Garaşsyz bolandan soň Sapar Mollaniýazow «Berkarar döwlet»  atly uly göwrümli filmi surata düşürdi. Bu filmde ol Garaşsyzlyk barada öz pikirini, ýurt Garaşsyzlygy üçin alnyp barlan işleri görkezmegi başardy» diýip baha berilýär. Munuň özi onuň döredijiliginiň taryplanmaga mynasyplygyndan habar berýär.Şeýle makalalar, wideo ýazgylar bilen tanşamsoň, mende Sapar aganyň döredijiligi barada gyzyklandyrýan başga-da ençeme sowallar döredi. Ýöne ol ýakynda agyr ýagdaýda ýene keselhana düşüpdir. Şonuň üçin oňa sag- aman saglygynyň gowulanmagyny arzuwlap, häzirlikçe makalamyza nokat goýmaly bolduk.

Akgül Saparowa.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly işewürleri kabul etdi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri