JEMGYÝET

«Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşigi geçiriler

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrüň ösen talabyna laýyklykda bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýär. Ol saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik hem-de “akylly” şäher ýaly ýedi ugur boýunça geçiriler. Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.

Related posts

Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminaly dörediler

Türkmen öğrenciler Nevruzu Türkiye’de kutladı

vepa

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda guramaçylyk meseleleri seredildi