JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimize “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly gowşuryldy

Düýn Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Related posts

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Awazadaky foruma dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşar

Ata Watan Eserleri

2022-nji ýylyň iň oňat nyşany üçin bäsleşik yglan edildi