JEMGYÝET

<> ýygnalýan telefon öndürer

«Samsung» kompaniýasy inedördül şekilde ýygnalýan telefonyň taslamasynyň üstünde işleýär. «Bloomberg»-iň bu baradaky habarynda ýazylyşyna görä, täze telefonyň ekranynyň dioganaly 6,7 dýuma barabar bolar.

Şeýle hem täze telefon üç kamera eýe bolar. Olaryň ikisi esasy, biri bolsa frontal kameradyr. Edil «Galaxy Note 10»-da bolşy ýaly, kameralar ekranyň ýokarky böleginde ýerleşdiriler.

Ýygnalýan täze telefonyň bahasy «Galaxy Fold»-dan biraz arzan bolar. Inedördül görnüşde ýygnanyp, ýanyňda, gerek bolsa gapjygyňda götermek üçin amatly dizaýna eýe boljak telefonyň 2020-nji ýylyň başynda satlyga çykmagyna garaşylýar. Ýöne onuň söwdasyna girişilmegi belli bir nobatda «Galaxy Fold»-uň bazarda öz müşderisini tapyşyna bagly bolar.

Related posts

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar

BDT Ekonomik Konseyi’nin 81. toplantısı yapıldı

vepa

Türkiýe ― Moldowa: indi passport bilen syýahat edip bolar

vepa