TEHNOLOGIÝA

“Samsung” “Volkswagen” modellerine 5G goldawyny hödürlär

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy nemes awtoulag ägirdi “Volkswagen” şereketiniň ulaglaryna 5G goldaw bermek barada ylalaşyk gazandy. Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi bilen awtoulaglar tehnologiýa enjamlaryna öwrülip başlady. Aýratynam elektrik awtoulaglarynda ulanylýan dürli awtopilot programma üpjünçiligi, datçikler we internet birikmeleri munuň iň uly mysallarydyr.

Dünýädäki iň uly smartfon öndürijisi “Samsung” kompaniýasy şol bir wagtda iň uly çip öndürijilerinden biridir.

Awtoulag bazaryndaky ornuny berkitmek üçin birnäçe ýyl ozal awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny öndüriji “Harman International” firmasyny satyn alan Günorta Koreýa kompaniýasy “Volkswagen” şereketini awtoulag çipleri bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär.

“Volkswagen” awtoulaglarynda maglumat beriş bölümlerinde ulanyljak 5G ulgamy ulanyjylara ýolda wideolary göçürip almaga we ýaýlyma bermäge mümkinçilik berer.

 

 

Aşgabat :Şäher içi Awtobus ugurlary

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi