JEMGYÝET

Saçynyň uzynlygy 6 metr

Wýetnamda ýaşaýan 83 ýaşly Nguýen Thi Dinh atly zenan 64 ýyldan bäri hiç wagt kesmedik saçlaryndan 6 metr örme ýasady. “Olar pitona meňzeýär” – diýip, garry aýal belläp geçýär.

Ol saçyny iň soňky gezek 19 ýaşynda kesdiripdir. Şonda bu zenanda erbet kelle agyrysy peýda bolupdyr. lukmana görnüpdir, alan bejergisi peýda bermändir. Şondan soňra saçyny kesmezligi maksat edip goýupdyr we 64 ýyldan bäri kesdirmän gelýär.

Bu garry zenan 1990-njy ýyldan bäri buddistleriň ybadathanasynda ýaşaýar. Et önümlerinden gaça durýan bu zenan günüň dowamynda bir gezek iýmitlenýär. Örän sada durmuş ýörelgesini kabul eden bu aýal 83 ýaşynda-da beden we akyl taýdan sagdyn görünýär.

Mundan ozal, şeýle waka Hindistanda duş gelindi. 95 ýaşly hindi saçlary kesmän, ony 7,3 metre çenli uzadypdy.

Related posts

Türkmen Lider, yarış arabasıyla çöl pistinde ustalığını konuşturdu

vepa

20-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşi

vepa