SPORT

Mbappe kompýuter oýnunyň ýyldyzy

Kilian Mbappe “EA Sports FIFA 21” kompýuter oýnunyň “baş ýyldyzy” diýlip yglan edildi. “PSŽ” toparynyň 21 ýaşly hüjümçisi soňky ýyllarda futbolyň iň parlak ýyldyzlaryndan biri hökmünde tanalýar.

Mbappe 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolmagy başardy. Ol “PSŽ” topary bilen yzly-yzyna üç gezek “Ligue 1”-de çempion boldy.

Mbappe 2017-nji ýylda “Monako” topary bilen hem “Ligue 1”-de ýeňiji bolmagy başarypdy.

Mbappe: “Meniň “FIFA” kompýuter oýnunda “baş ýyldyzy” bolmak arzuwyň hasyl boldy. Men bu oýny çagalygymdan bäri oýnaýaryn. Bu meniň zähmetime goýlan iň uly baha” — diýip, jemgyýetçilik torlarynda mälim etdi.

Related posts

Fatih Terim “Galatasaraýdan” gitdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Kuraş-2023: Sanjar Abdirahmanow ýarym finalda

Ata Watan Eserleri