SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7”: Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça awiapeteklerde arzanladyş

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça awiagatnawlaryň biletleriniň bahasyny 50 göterim arzanlatdy. Täze bahalar 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary boýunça hereket eder.

“orient.tm” neşiriniň habaryna görä, rus awiakompaniýasy “Ekonom baz”, “Ekonom standart” we “Ekonom plýus” tarifleri boýunça awiabiletleri satýar.

Moskwa-Türkmenbaşy we Türkmenbaşy-Moskwa ugurlary boýunça biletleriň bahasy üýtgeýär. Bu babatda awiakompaniýanyň Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 174-nji jaýy salgysyndaky  (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezi)  edarasyndan anyklamak bolar.

Russiýadan Türkmenistana we yzyna uçar gatnawlary duşenbe we perşenbe günleri amala aşyrylýar.

Related posts

Bütindünýä Saglygy goraýyş pudagy – ICCA Ac Forumy bilen Stambulda duşuşar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

Nepesiňi durlaýan türk çaýy

Leave a Comment