JEMGYÝET

Russiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenistanda saparda bolar. Bu saparyň şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Rus neşirleriniň habar bermegine görä, ýurduň Premýer-ministri Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Forumyň çäklerinde bilelikdäki işewürlik duşuşyklary meýilleşdirilýär. Ulag-logistika, bilim, senagat, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda işewürlik gepleşikleri geçiriler.

Işewürlik forumynyň birinji gününde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda B2B görnüşinde duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, bu forumyň çäklerinde rus öndürijileriň söwda-sergi meýdançasy bolan “Russiýanyň Söwda öýüniň” açylmagy hem-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek maksat edinilýär.

Forum, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Mihail Mişustin 2020-nji ýylyň 16-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy wezipesine bellendi. Ol Türkmenistana Russiýanyň Premýer-ministri wezipesinde ilkinji saparyny amala aşyrýar.

Related posts

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Çin’in yeni Türkmenistan Büyükelçisi göreve başladı

vepa

“Awaza” goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment