DÜNÝÄ

Russiýa Afrika ýurtlaryna muzdsuz bugdaý bermegi meýilleşdirýär

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Russiýa-Afrika” sammiti geçirildi. Bu sammitiň ykdysady we ynsanperwer ugurly forumyň işine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy.

Bu sammite gatnaşmak üçin Afrika yklymynyň 49 döwletinden ýokary derejeli wekiliýetler Russiýa bardylar. Bu sammitde çykyş eden Wladimir Putin Afrikanyň mümkinçilikleriniň uludygyny belledi.

– Soňky 20 ýylda Afrika yklymynyň jemi içerki önüminiň ýyllyk ortaça ösüş depgini 4-4.5 göterime deňdir. Ilaty 1.5 milliard adama golaýlaýar. Afrika ýurtlary bilen Russiýanyň ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Haryt dolanyşygy 18 milliard dollara deň boldy. Bu hem Soçidäki “Russiýa-Afrika” sammitiniň netijesidir. Russiýanyň Afrika yklymyna iberýän önümleriniň 50 göterimden gowragyny maşyn we enjamlar, himiýa hem-de azyk önümleri düzýär – diýip, Wladimir Putin belledi.

Obasenagat toplumdaky hyzmatdaşlyga ünsi çeken Putin geçen ýyl Russiýa bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky obasenagat önümleriniň söwdasynyň möçberi 10 göterim artyp, 6.7 milliard dollara deň bolandygyny mälim etdi.

2022-nji ýylda Russiýanyň Afrika yklymyna eksport eden däne önümleriniň möçberi 11.5 million tonna barabar bolandygyny bellän Putin ýakyn 3-4 aýda Burkina-Faso, Zimbabwe, Mali, Somali, Eritreýe ýaly ýurtlarda 25-50 müň tonna bugdaýy muzdsuz bermäge taýýardyklaryny belläp, bu önümleri sarp edijilere mugt eltip bermek işini hem üpjün etjekdiklerini belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy