DÜNÝÄ

Rus-hytaý hyzmatdaşlygy: energetika, ulag we bilelikdäki filmler

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa resmi sapar bilen baran Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Kreml köşgüniň habar bermegine görä, iki ýurduň Baştutanlary rus-hytaý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy geçen ýyl 244.9 milliard dollara deň boldy. Bu ugurda okgunly ösüş gazanyldy we hökümetara toparyň maýa goýum bukjasyna umumy bahasy 200 milliard dollardan gowrak 86 taslama girizildi.

Rus-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň öňbaşysy energetika pudagydyr. Geçen ýyl Russiýa Hytaýa nebit eksportunda birinji orna çykdy. Şeýle hem turba geçirijiler arkaly tebigy gaz ibermekden oňyn netijeler gazanyldy. Mundan başga-da, Russiýa Hytaýa kömür ibermekden 2-nji, suwuklandyrylan gaz eksportunda 3-nji orny eýeleýär.

Täze bilelikdäki başlangyçlaryň esasynda 2027-nji ýylda Uzak-Gündogar gaz geçirijisi işe giriziler we hyatýly sarp edijilere her ýyl 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberiler.

Awtoulag önümçilik senagatyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Russiýa dünýäde Hytaýyň awtoulaglary satyn almakda esasy döwletleriň biri boldy. Şol bir wagtda bilelikde awtomobil önümçiligini ýola goýmak teklip edildi.

2024-nji ýylda Russiýanyň we Hytaýyň serhet geçelgelerinden we deňiz portlaryndan ikitaraplaýyn daşary söwda ýük daşamagyň möçberi 9 göterim ýokarlap, takmynan 176 million tonna ýetdi.

Bilelikdäki film önümçiligi döredilýär. Şu ýylyň fewral aýynda Russiýada-Hytaýda “Gyzyl ýüpek” filmi çykdy we premýerasy diýseň şowly boldy. Russiýa we Hytaý uly gyzyklanma bilen kabul ediljek köp sanly bilelikdäki filmleri döretmek maksat edinýär.

 

Ýene-de okaň

Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary

“Galkynyş” topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

Türkmenistan we OPEK Gaznasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar