SPORT

Roberto Martines türkmenistanly futbol janköýerlerine salam ýollady

Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, Ispaniýaly hünärmen Roberto Martines Türkmenistanly futbol janköýerlerine salam ýollady. Onuň salamyndan ybarat wideogörnüşler Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasynda paýlaşylýar:

Wideogörnüşlerde şeýle sözler bar:

«Hemmelere salam! Bu ― Roberto Martines, Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi. Bu salamy futbolyň Türkmenistanly janköýerleriniň ählisine ýollaýaryn. Futboly söýmegi we bu söýgiňizi paýlaşmagy dowam ediň! Üstünlik arzuw edýärin! Gowy futbolçy bolmak üçin edýän işiňizden lezzet alyň!».

Dünýä belli tälimçi bu salamyny Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň üsti bilen ýollady. Türkmen tälimçisiniň Roberto Martinesiň ýanynda iş tejribeligini geçendigini ýatladýarys.

Related posts

“Barselona” toparynyň Merkezi Aziýadaky ilkinji akademiýasy

17 ýaşly Ýamal “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

«Aziýanyň çagalary»: türkmen ýaşlary 16 medal gazandy

Ata Watan Eserleri