SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Qantas» syrly uçuşlary amala aşyrar

Awstraliýanyň iň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan «Qantas» koronowirus pandemiýasy döwründe içki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, «näbelli» ugurlara uçuşlary amala aşyryp başlady. Bu barada CNN habar berýär.

«Syrly uçuşlar» diýlip atlandyrylýan ugurlara petek alnanda, syýahatçylar nirä barýandygyny bilmeýär. Baryljak nokat baradaky ilkinji maglumatlar uçuş wagtynda ýolagçy oturgyçlarynyň arkasyndaky ekranda peýda bolýar. Ýöne bu-da heniz takyk maglumat däldir.

Ýurtda «Syrly uçuşlaryň» petekleri 4-nji martda satlyga çykarylar. Ilkinji uçuşlar 27-nji martda, 18-nji aprelde we 1-nji maýda Brisbeniň, Sidneýiň we Melburnyň howa menzillerinden amala aşyrylar. Uçuşlar 120 ýolagça niýetlenen «Boeing 737» uçary bilen amala aşyrylar.

«Syrly uçuş» boýunça syýahatçylyk bir günlükden uçar bellenilen howa menzilinden ir sagat 7-de asmana galar we ýolagçylar agşamlyk ýene şol howa menziline gaýdyp gelerler. Uçuşyň diňe bir tarapynyň iki sagat çemesi dowam etmegine garaşylýar.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Dünýäniň iň ýaşuly türgenleri

 

 

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi