DÜNÝÄ

Putin prezidentlige dalaşgär bolar

Wladimir Putin 2024-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryna dalaşgär boljakdygyny mälim etdi. Bu barada ol Watan gahrymanlarynyň güni mynasybetli geçirilen dabarada belläp geçdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Kreml” köşgünde geçirilen dabarada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine dalaşgär boljakdygyny yglan etdi.

Wladimir Putin mundan beýläk döwlet baştutanlygy üçin dürli döwürlerde dürli pikirleriň bolandygyny belläp, häzir belli bir karara gelmek wagtynyň gelendigini aýtdy.

Putiniň häzirki döwlet baştutanlygy wezipe ygtyýarlyklary 2024-nji ýylyň maýynda tamamlanýar. Ýurtda nobatdaky prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Moldowada birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri

Eýranda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy