BIZNES

Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi tassyklandy

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan  Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi tassyklandy. Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi Türkmenistanda öndürilen we daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär. Tertibiň talaplary programma önümini sertifikatlaşdyrmak işine gatnaşyjy bolan eýeçiligiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar hem-de görkezilen işi amala aşyrýan fiziki şahslar üçin hökmanydyr.

Resminama, Türkmenistanda öndürilen programma  önümini sertifikatlaşdyrmagyň tertibini we Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän taýyn programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 253-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan Tertip, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 31-njy awgustynda 1502 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Tertibi dolulygyna okamak üçin SERTIFIKAT diýen ýere basyp ýükläp alyň!

Türkiýäniň uniwersitetlerinde okuwlar nähili alnyp barlar?

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler