JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini Nowruz baýramy bilen gutlady. 

Türk döwletiniň Baştutanynyň hormatly Prezidentimize iberen gutlagynda şeýle diýilýär: 

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Parahatçylyk, doganlyk, raýdaşlyk ýörelgelerini özünde jemleýän Nowruz baýramynyň halkara dialogy we hyzmatdaşlygy ilerletmekde täze üstünlikleriň buşlukçysy bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri