JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana geler. Ol bu barada Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilýän G-20-a agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin howa menzilinde gurnan metbugat beýanatynda belläp geçdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Ärdogan Türkmenistana sapar bilen geler. Ol Aşgabada dekabr aýynyň başynda amala aşyrjak saparynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen Türkiýede tebigy gaz merkezini döretmek meselesi boýuna pikir alyşjakdygyny mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýede Russiýanyň başlangyjy bilen tebigy gaz merkezini döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ärdogan şeýle diýdi: “Ädilýän ädimler bilen Türkiýe tebigy gazy paýlaýan merkeze öwrüler. Ony döretmek bilen baglanyşykly meseleleri geljek aýyň başynda Aşgabada saparymda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen maslahatlaşmagy meýilleşdirýärin”.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýaňy-ýakynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçiripdi.

Related posts

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

52 ýyl öň ýazylan hatda geljek beýan edilýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment