PEÝDALY MASLAHAT

“Petronas” işe çagyrýar

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (amallar boýunça inžener).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky görkezijilere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: Inženerlik hünäri boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Desgada nebitgaz pudagynda mehaniki enjamlar ýa-da gözegçilik-ölçeg abzallary boýunça hünärmen hökmünde azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly. Işewürlik üçin zerur bolup durýan endikler binýadyna laýyk gelmek babatda başarnyklara baha bermek we tälim okuwlaryny geçirmekde toplan tejribesi goşmaça artykmaçlyk bolup durýar.

Dili: Iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: MS Offiсe programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Related posts

Köneürgençde döwrebap bazar boýunça bäsleşik yglan edildi

«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň ähli ýerlerine pul serişdelerini geçirmek hyzmatyny hödürleýär

Bölünýän saç uçlarynyň öňüni nädip almaly?