BIZNES

Paýtagtymyzda täze dokma dükanlary açyldy

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Oguz han köçesiniň ugrunda «Nusaý», «Gala», «Altyn asyr çagalar dünýäsi», «TG aýakgaplar», «Bürgüt» atly täze dökman önümleriniň dükanlaryň açylyşy boldy. Täze dükanlarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, elýeter bahaly önümler alyjylara hödürlenip, erkekler, zenanlar üçin, aýratyn hem, kiçi ýaşly çagalar üçin niýetlenen egineşikler daşky görnüşi, biçüwi, döwrebaplygy bilen has-da özüne çekýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

«TG aýakgaplar» dükanynda «Türkmen galkan» aýakgap kärhanasynda öndürilýän aýakgaplardyr bilguşaklar, şeýle-de Gökdepe gön zawodynda taýýarlanýan dürli görnüşdäki zenan torbalary alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. 1997-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän kärhanada erkekler, zenanlar üçin arassa deriden aýakgaplaryň dürli görnüşi öndürilýär. Berkligi, suwa çydamlylygy bilen tapawutlanýan aýakgaplar üçin çig mal Gökdepäniň hemde Marynyň gön zawodlaryndan alynýar.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 17-nji iýunynda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda milli dokma önümlerimize ýöriteleşen täze dükanlaryň 5-si açylyp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de onuň myhmanlaryna döwrebap derejede hyzmat berýär.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar