Bir mahal gyzyma: «Ejeň «Sygan» lakamly Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasow hakynda gowy makala ýazypdyr. Gowy görüp diňleýän bagşym bolansoň, suratyny çekipdim. Meniň adymdan köp sag bolsun aýt, ejeňe» diýip, başlygy suratkeş Saparmämmet aga bagşynyň aýdym ýazgysyny sowgat iberipdir. Bagşynyň hoş owazly aýdymlaryny her gezek diňlänimde kalbymy ýatlamalar gurşap alýar. 20 ýyl töweregi mundan öň bir öýde bäş-alty gelin bolup, uly buýurma haly dokaýardyk. Gapdalymyzda-da radio. Günortan berilýän dynç alyş konserti başlardy welin: «Kime nähili aýdym düşerkä? Birinji aýdym meniňki, ikinji aýdym seniňki» diýip öz aramyzda aýdym bellärdik. Bir gün radiony açanymyzda, konsert eýýäm başlapdyr.
«Öňümden söýgülim gelýär,
Misli gyzaran çog ýaly» — diýip bagşy Orazgeldi Ylýasyň mahmal owazy ýaňlanyp dur.
— Baý-bu, Baýramsoltan gelneje, seniň paýyňa nähili aýdym düşüp ýör? Bu gün Baýly aga iş sapardan gelse gerek! — Gelneje, bahana tapyp, ertir dokmadan galaýmagyn — diýip ýerli-ýerden degip başladyk. Ol başga wagt özümizden beter degişerdi, emma häzir: — Wah-wah, Sygan neresse. Diri ýaly-da. Şol gezegem şu aýdymy aýdypdy — diýip, özbaşyna gürledi. — O nämäň aýdymy? — diýip sowal berdik. — Alty gyzdan soň bir ogul jigimiz bolup, toý edipdik. Menem ep-eslije gyzdym. Toýuň ertesidi. Märekäniň köpüsi dargap, diňe obadan gelen degişlilerimiz galypdy. Birden eli dutarly Sygan bagşy gapydan girdi. Ol: «Agam, uly toý edip, çagyrmanyňa göwün etdim. Şu töwerege toýa çagyrylyp geldim. Ogluňyzyň bolanyny şo ýerde eşidip, gaty begenip geläýdim» diýdi. Häzirem göz öňümde. Başy bagana gulakjynly, egni ukrainleň tans edende geýýän ak köýnegine meňzeş, ýeňi, ýakasy nagyşly köýneklidi.
Kakam Garagan obasyndan, Sygan bagşynyň obadaşydy. Onuň bilen daşgynrak garyndaşlygymyzam bardy. Ol öňem öýümize gelýärdi. Kakam: — Wah, inim, seni toýdan goýasym-a gelenokdy. Ýöne ýarawsyzlygyňy bilemsoň, azara goýmajak boldum — diýip, hormat bilen oňa törden orun berdi. Her kim bagşynyň aýdym aýdaryna garaşýardy. Öýümiziň mähellesiniň nädip köpelenini bilmedim. Çaga bolamyzsoň, kakam: — Märekä päsgel bermäň, baryň, daşarda oýnaň — diýip, bizi daş çykardy. Äpişgeden seredip durdum. Sygan bagşy: — Men şu gün iň gowy aýdymlarymdan on sanysyny aýdyp berjek — diýip, dutaryny gabyndan çykardy. Ol şeýlebir aýdym aýdýardy welin, diňläp oturanlaryň gözünden boýur-boýur ýaş dökýäni-de bardy. Bagşy bäşinji aýdymyny ahyrlanda gapydan kakamyň goňşy ýaşaýan inisi geldi. Gele-gelmäne-de: — Näme üçin oňa aýdym aýtdyrdyňyz?Oňa entek aýdym aýtmak bolanok ahyry — diýip kiçem bolsa kakama käýindi. Onsoň kakam: — Orazgeldi jan, aýdymlaryňdan ganma ýok, hezil edip diňlejek, ýöne sen bize entek-entekler gerek. Häzirlikçe aýdymyňy bes et, saglygyňy aýa — diýip, sypaýçylyk bilen düşündirdi. Neresse: — Wah, düşünýän, ýöne barybir uzak ýaşasym ýok — diýip dutaryny ýygnamak bilen boldy. Şol wagt onuň egnindäki ak köýneginiň daşyndan böwrüniň ganjaryp duranyna gözüm düşdi. Şondan iki gün geçensoň, kakam: «Sygan bagşy ýogalypdyr» diýip aýata gidipdi — diýip gürrüň berdi. Bagşynyň ýag ýaly owazy bilen aýdan aýdymlary yzly-yzyna gulagymda ýaňlanýan ýalydy. Bary-ýogy 33 ýaşan gysga ömründe şeýle ajaýyp aýdymlary miras galdyran bagşynyň diňleýjileri bilen bagly ýene bir pursat hakydama geldi.
Dümewläp, her üsgürende burny dokmanyň küjüsine degjek bolup durka-da halysyndan düşmäge kanagaty ýetmeýän halyçy tanşym, bir gün dokmasyndan düşüp, adamsy bilen bezenip, eli gülli barýar. — Wiý, öňem biri 4-5 çagaly bolandan soň, nikadan geçmelidigi ýadyna düşüpdir. Sizem indiden soň bagt öýüne barýaňyzmy? — diýip degişdim. — Ýok-la, söýüp diňleýän Sygan bagşymyzyň 60 ýaş ýubileýi bellenýär, şoňa barýas — diýip jogap berdiler. Şonda «Sygan bagşynyň aýdymyny gowy görmeýän barmyka?» diýip içimi gepletdim.
Ýaňy orta mekdebi tamamlan wagtlarymdy. Gije-gündiz ukusyzlykdan kösenip ýarawsyzlyk tapyndym. Kakam pahyr Aşgabada keselhana alyp gaýtdy. Krasina köçesiniň ugrunda ýaşaýan agamlaryň öýüne myhman bolduk. Kakam agama ýagdaýymy gürrüň berdi. Agam: « Häzir ukusyny gowy alar ýaly derman getireýin» — diýip, daş çykdy. Sähel salymdanam uky derman getirdi. Ertesi ir bilen bir orta boýly, dolmuş daýza: «Aman-sag ördüňizmi? Nätdi syrkawyňyz gije ukusyny gowja alyp bildimi? — diýip gapydan girdi.
— Hawa, gel, Aýsoltan eje, geç çaý başyna — diýip agam mürähet etdi. Soňam: — Jigim, ynha, şu daýza Sygan bagşynyň ejesi — diýip, meni onuň bilen tanyşdyrdy. Ukudan tisginip oýanan ýaly boldum. Sadaja oba gyzyna şeýle ussat bagşyny dünýä inderen enäniň tötänden duşmagy juda täsindi.
Aýsoltan eje gürrüňleşip eslije oturdy. Ol wäşi, degişgen aýal eken. Onuň jak-jak gülüp, bolup oturyşyny gören, birbada «dünýäni perwaýyna aljak adam däl» diýerdi. Şeýlebir ruhubelent. Emma «Oglum Orazgeldi jan» diýip ýatlamalar ýumagyny çözläp başlanda welin, gözüňe ýaş aýlaman diňlär ýaly däldi. Asyl bilbil owazly bagşy ogluny ýitiren ene ýürek zaryny mertlige salyp geçirýän eken. Ol şonda «Orazgeldi jandan ýekeje gyz perzent galdy» diýipdi. Diňlänimde on iki süňňümi bogun-bogun yzarlap barýan ajaýyp aýdymlary bilen kalbymda ýaşaýan meşhur bagşy buýra saçly şol bir suraty bilen hakydamda galansoň, onuň ýeke perzendi hem gulpaklyja gyz ýaly göz öňüme gelýärdi.Ynha-da bir gün Aşgabat şäheriniň lagym arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga barýardyk. Birden:
«Adam ogly bu dünýäge gelensoň,
At bilen abraý alan ýagşydyr» diýip, bagşy Orazgeldi Ylýasowyň aýdym sesi ýaňlanyp başlady. Sürüji awtoulagyň radiosyny açandyr öýtdüm. Gapdalymda oturan ak gyňaçly daýza gozganyp başlandan telefonyň jaňydygyny bildim. Daýza begresiniň jübüsinden telefonyny çykardy welin, ekranynda bagşynyň göz öňümde galan suraty peýda boldy. Daýzanyň ýüzüne seretdim. Şol pursatdan iki-üç gün öň «Miras» teleýaýlymynda bagşy Orazgeldi Ylýasowlaryň maşgalasynda taýýarlanan söhbetdeşlik berlipdi. Ir bilen işe ugrajak bolup gepleşigi doly diňläp bilmändim. Mawy ekranda «Men bagşy Orazgeldi Ylýasowyň gyzy Amangözel» diýip ak gyňaçly daýza maşgala durmuşy hakda gürrüň berip otyrdy. Görenimden şol daýzadygyny tanadym. Amangözel daýzanyň kakasy bilen bagly çagalyk ýatlamalary gyzyklandyrdy. Derrew haýyş edip ondan öý salgysyny, telefon belgisini ýazyp aldym.
Aradan eslije wagt geçdi. Amangözel daýzalara bardym. Salam berip gapydan girişime bagşynyň tekjede söýelgi duran suratlaryna gözüm düşdi. Töre geçmegim mürähet edilse-de ilki bilen suratlary ýeke-ýeke gözden geçirdim. Bagşynyň meşhur sungat ussatlary Sahy Jepbarow, Mäti Kösäýew, Ödenyýaz Nobatow, Hojaguly Diwanaýew dagy bilen hem-de bagşy Rejep Ulugowyň agasy Baýry Ulugow bilen ikilikde, ýekelikde düşen, hili pesiräk bolsa-da dürli görnüş suratlary bar eken. Amangözel daýza: «Kakamyň düşegiň üstünde arkan ýatanja ýerinde «Edebiýat we sungat» gazetinden:
«Howlularyň hatar-hatar dalbary,
Çyraň şöhlesine murtun towlap dur
Sygan bagşy aýdýar häzir dilberi,
Şirin sesi her howluda zowlap dur»
diýen goşgy setirleri okap: «Gyzym, kakaňy gazetde çykarypdyrlar» diýip begenip oturşy göz öňümden gidenok. Ol wagtlar çaga bolamsoň, goşgy setirleri kimiň ýazandygyny-da bilemokdym, ýöne kakam begenensoň şol bent ýadymda şu wagtam dur. Wah, kakam jan ýaşap ýören bolanda, häzirki goýulýan beýik derejelere gör, nähili begenerdi» diýip, şkafdan hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabyny çykaryp, ondaky kakasynyň suratyny synlap, dymyp oturdy. Soňra bolsa, beýleki bagşy-sazandalaryň suratlaryny çalasynlyk bilen görüşdirip, sözüni dowam etdi. «Hormatly Arkadagymyz sogap işler edýär. Diňe bir şu kitabynyň özi gör, näçe öýlere şatlyk paýlaýar. Şu bagşy-sazandalaryň köpüsi kakam pahyryň ýanyna gelen adamlar. Kiçi bolsamam başardygymdan olara çaý-suw berip hyzmat ederdim. Kakam gyjak çalmaga-da ökdedi. Hindi, azerbaýjan sazlaryny gyjakda saýradyp çalardy. Kakamyň inisi Baýram ýuwaşdy. Kakam oňa: «Men hemmäňize derek ýeterlikdirin, saz çalmagyn» diýerdi. Baýram kakam uniwersitetiň iňlis dili bölüminiň 5-nji ýyllyk talybydy. Kakam ýogalandan soň 40-y geçýänçä onuň nädip saz çalmagy öwrenendigine haýran galdym. Belki, kakamyň ogul perzendi bolmansoň, yzyny dowam etdirmek üçin yhlas edendir. Halypalar oňa «Agaň yzyny ýöret» diýip maslahat berýärler. Ol ilkinji gezek radioda çykyş edende «Ýat edeýin agam seni» diýip Görogly şadessanyndan aýdym aýdýar. Emma diňlän adamlar Baýram agasyny ýatlap aýdym aýtdy» diýip gürrüň berdiler. Kakamyň köriçege bolup keselhana düşüşi, onuň operasiýa bolup keselhanada ýatyşy göz öňümde. Gyzylhaç keselhanasynyň köne jaýynyň ikinji gatynda ýatypdy. Enem towuk çorba bişirip taýýarlap berse, keselhana kakamyň yzyndan elterdim. Ol bolsa gaýdamda elime süýji bererdi. Aram-aram keselhanadan çykan wagty öýde derman çalyp hasa bilen ýarasyny sargy ederdim. Kakam köp wagtlap ýarawsyz ýatansoň onuň:
«Tebipler yrza men sizden,
Indi el çekewer menden.
Zaýa etmäňler melhemi,
Şu kesele çäre ýokdur»
diýip aýdýan aýdymyny kakam özi üçin döredendir öýderdim. Asyl ol aýdym «Leýli-Mežnin» dessanyndan söýgi aýdymydygyna indi akyl ýetirýärin. Öýümize belli bagşylar köp gelerdi. Birini ýatlap birini aýtmasam göwün edäýmesinler. Bagşy Mäne Garaýew kiçiräk oglandy. Kakam pahyr: «Gyzym bar, Mänäni çagyryp gel. Toýa barýan ol hem uly bagşylary diňlesin köpräk» diýip öýlerine ugradardy. Gara aga atly gowy kakasy bardy. Ejesem şeýle mähriban aýaldy. Ir bilen uklap ýatan ogluny: «Mäne, tur oglum, halypaň bilen toýa gitmeli, çagyrypdyr. Eglenme guzym, çaýyňy halypaň bilen içäý» diýip eline gapyrjakly goýaldylan süýt berip ugradardy. Ol köplenç gapyrjakly goýaldylan süýt içerdi. Häzir süýtli gapyrjak görsem Mäne ýadyma düşýär. Kakam ýaramansoň, enemlerde bolup az wagt 37-nji orta mekdepde okamaly boldum. Bir gezek kakam dosty bilen ulagly yzymdan baryp alyp gaýtdy. Ýolda: «Gyzym, familiýaňy aýt hany» diýdi. «Orazgeldiýewa Amangözel» diýdim. Begenip: «Gyzym kakasynyň adyna familiýa göterýär» diýipdi. Ýogalmazynyň öň ýanlarydy. «Gyzym öz öýmüze-de baryp gaýdaly» diýip enemlerden öýümize aýlanmaga gitdik.Ýolda barýarkak: «Kaka, gyradan ýöräli. Birden ulag kakaýmasyn» diýip elinden ýapyşyp, gyra çekýänimi bilýän. Käte «Wah, berlen ömürden artyk ýaşap bolanok eken» diýýän. Birdenem radioda, teleýaýlymda häli-şindi aýdymlary ýaňlanyp dur welin, onuň aramyzda ýoklugyna-da ynanyp bilemok. Göwnüme toýlarda aýdym aýdyp ýören ýaly. Hormatly Arkadagymyz halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýaşlara milli aýdym-saz sungatymyzda yz goýan bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-sazlaryny öwrenmäge giň ýol açdy» diýip, alkyş sözlerini aýtdy. Köşi ýaşaýyş toplumynda ýaşap oturan, ak mermerli jaýynyň amatlyklary bilen tanyşdyrdy. Dört oglunyň, iki gyzynyň bardygyny, olaryň ählisiniň öýli-işikli bolandygyny,18 agtygynyň 2 çowlugynyň bardygyny aýtdy. Meni bagşynyň diwardaky ulaldylyp asylan iki bolup düşen suraty gyzyklandyrdy. Pikirimi aňan borly Amangözel daýza: «Bu surat kakamyň dosty Gurban aga (Gurbanmuhammet Mämmetbaýew) bilen düşen suraty. Olar şeýle gadyrly dostdular» diýip gürrüň berdi. «Gurban agada-da Sygan bagşy hakdaky ýatlamalar kändir» diýip derrew öý salgysyny aldym. Ýene bir güne goýman şol gün Gurban agalaryň öýlerine-de bardym. Şonda 80 ýaşy tegeläp barýan ak sakgally ýaşuly, bagşy dosty hakda ýadyna düşenlerinden gürrüň berdi. «Orazgeldi Ylýasow bilen ilkinji gezek 1952-nji ýyllarda tanşypdyk. Bäherdende ýaşaýan agamyz ýany bilen eli dutarly birini alyp öýümize myhmançylyga geldi. Ol bagşy Orazgeldi Ylýasow eken. Myhmana hödür etmek üçin dükana gitdim. Bagşyny ýüzbe-ýüz diňlejek bolup howlugyp tigirli dükandan gelýärkäm uly ýük ulag köçeden öwrüljek bolanda ulaga tigrim degip ýykyldym. Şonda aýagyma zeper ýetip, bir aý töweregi ýatmaly boldum. Orazgeldi neresse: «Özüm sebäp bolan ýaly boldum» diýip tä gowulanýançam ýanymda inisi Baýram Ylýasy goýdy. Özi bolsa: «Içiň gysmasyn» diýip iki-üç günden yzymdan gelerdi, aýdym aýdyp bererdi. Bir gezek onuň gelýänini äpişgeden görüp, Baýram bilen «Ýüzümizi ýapyp ýatan bolaly. Uklap ýatyrlar» diýip gidýärmikä ýa-da nädýärkä» diýip dilleşdik. Orazgeldi eli dutarly başujumyza geçip: «Tahyr guzym eşit saňa arzym bar» diýip «Zöhre-Tahyr» dessanyndan «Azat eýlegil» atly aýdymy aýtdy. Aýdymyň soňunda «Başyň aldym başym bermek karzym bar» diýip aýdylýan ýerine ýetende: «Gurban jan sen meni azat eýlegil» diýip aýtmaly sözlerini üýtgedenden gülüşip ýerimizden galdyk. Ol degişme bilen aýdymyň sözlerini üýtgedip aýdanda-da, «Seniň bu ýagdaýa düşmegiňe men sebäp boldum, geç günämi» diýip ötünç soraýan ýalydy. Ol belent adamkärçilikli gaty pespäldi. Onuň bilen ýakyn gatnaşykda, dost bolduk. Her gün görüşmesegem aýdym ýazgylaryny köp diňlärdim. Bir gezek Soçi şäherine dynç almaga gitdim.Ol ýerde içim gysyp öýe jaň etdim. Telefonda öýümizdäki maşyn bagşydan Orazgeldi Ylýasyň aýdym ýazgysy eşidilýärdi. Öýdäkiler gürleşjek bolup aýdymy peseltjek boldular. Öçürmäň aýdymy diýdim. Ýanymda Sakarçägeden bir ýigit bardy. Ol kimi diňleýäň diýip sorady. Dostum Sygan bagşynyň aýdymyny diňleýän diýdim. Ol ýigit hem Sygan bagşynyň aýdymlarynyň aşygy eken. «Dostuň bolsa öý salgyňyzy ber. Myhmançylyga baryp, menem bagşyny ýüzbe-ýüz diňläp göreýin-le» diýip haýyş etdi. Ine-de bir gün ol ýany bilen eli dutarly bir adamy alyp öýümize geldi. Olar Sygan bagşyny ýüzbe-ýüz oturyp diňlemek üçin ýörite gelendiklerini aýtdylar. Motorym bilen Orazgeldi neressäniň öýlerine gitdim. Dost seni diňlemek üçin Marydan ýörite geldiler. Gaýrat et, öýe baryp bilmersiňizmi?! Myhmanlaryň biriniň özem-ä eli dutarly diýip, haýyş etdim. Orazgeldi dutaryny göterip öýümize geldi welin, eli dutarly myhman: «Men şondan şuňa ýol söküp Sygan bagşyny diňlemek üçin geldim» diýdi. «Şu Sygan bagşy-da» diýip düşündirmäge hyýallanyp gorsananymdan, Orazgeldi: «Gürleme» diýen äheňde sessiz eli bilen synymdan çekdi. Özi bolsa dutarynyň gapagyna urup «Dilber» aýdymynyň sazyny çalmaga başlady. Ýaňybir kakuwy başlandan myhman: «Bagyşla inim, bu hakyky Sygan bagşynyň özi eken» diýdi. Ol myhman meşhur dessançy bagşy Gurt Ýakup eken. Bir gezegem «Hirurg Çary Baýryýewiň ýanyna gideli» diýip jaň etdi. Şeýle mähriban adama dadyrasym gelýär» diýip iki sany käkilik eti taýýarlap goýandygyny aýtdy. Hirurg Çary Baýryýewiň aýdan şu sözleri häzir hem ýadymda. Ol: «Maňa seniň saglygyň dikelmegi iň uly sowgatdyr. Meniň tabşyryklarymy berjaý edýäňmi?» diýip sorapdy. Lukman oňa entek-entekler aýdym aýtmaly däldigini tabşyran eken. Emma ol dutaryny alyp saklasaňam aýdyma gygyryp aýdar oturardy» diýip gürrüň berdi. Ynha, şeýle ýatlamalar bagşynyň aýdymlary ýaly kalbymda hemişelik galdy. Olar hiç wagt ýadymdan çykar öýdemok. Her pursatda hakydama gelýär. Arada Garaja oglanyň ýadygärligi oturdylan seýilgähiň deňinden geçip barýan. Bir mahal şahyr Mämmet Seýidow hakynda ýatlama ýazýardym. Türkmenistanyň halk artisti artist Juma Ýazmyradowyň Mämmet aga barada köp zatlar aýtjagyny bilýärdim. «Gaýrat edip gürrüň beräýseňiz!» — diýip haýyş etdim. Ir sagat 10-da onuň bilen ynha, şu seýilgähde duşuşypdyk. Juda zerur işim çykyp 15 minut gijä galyp bardym. Ýagyş ýagyp durdy. Bellik etjek bolýan welin, ýandepderçäme ýagyş ýagyp, ýazyp bilemok. Juma aga bolsa şahyr Mämmet Seýidiň Orazgeldi Ylýasowa bagyşlap ýazan «Bagşy» poemasyny şeýlebir okaýardy. Onuň gözleriniň owasy ýaşdan dolupdy. Eger bu poemany Mämmet aganyň ýazandygyny bilmedik bolanymda: «Juma Ýazmyrat ýazandyr» diýerdim. Ol üst-başymy ýagyş ezipdir diýenokdy. Bu ahwal sungata bolan söýginiň gudratydy. Sungata hakdan berlen adamlaryň kyssasyny bolsa, kagyzsyz hem ýazyp bolýan eken.
Akgül SAPAROWA.