BILIM

Oksford derejesinde bilimi berjek uniwersitet

Özbegistanda Oksford derejesinde bilimi berjek Prezident uniwersitetini döretmek meýilleşdirilýär. Daşkent şäherindäki Prezident uniwersiteti birbada 8 müň okuwça bilim berer. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew paýtagtynyň Ýunusabad etrabynyň wekilleri bilen geçiren maslahatynda aýtdy diýip, “Özbegistan – 24 NTRK” teleýaýlymy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew: “Prezident uniwersitetini gurarys. Biz ilkinji gezek Özbegistana oksford bilimini girizmek isleýäris. Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy dünýäde birinji orny eýeleýär. Biz täze prezident mekdeplerini açdyk, indi bolsa 8 müň orunlyk täze prezident uniwersitetini açarys. Ähli mugallymlar daşary ýurtdan bolar” diýip belläp geçýär.

Şawkat Mirziýoýew ilki başda Daşkent şäherinde Prezident uniwersitetini açmak barada 2019-njy ýylyň 1-nji martynda Namangan şäherinde geçiren maslahatynda nygtap geçipdi. Bu uniwersitetiň açyljak senesi barada maglumat berilmeýär.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar