MEDENIÝET

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Halkara Daşkent kinofestiwala gatnaşar

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şu ýylyň 29-njy sentýabry-2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek XV Halkara Daşkent kinofestiwala gatnaşar. Bu kinofestiwala türkmen kinorežissýorlary Arslan Eýeberdiýew hem-de Sahysalyh Baýramow täze filmleri bilen gatnaşarlar.

Özbegistan Respublikasy tarapyndan guralýan “Ýüpek ýolunyň düri” atly Halkara Daşkent kinofestiwalyna dünýäniň ençeme ýurdundan kinorežissýorlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Festiwalyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň, türki döwletleriň hem-de GDA agza döwletleriň kinolarynyň festiwaly guralar.

Şeýle hem kinofestiwalyň maksatnamasynda birnäçe ugurdaş çäreler göz öňünde tutuldy. “Özbek dublýažyna 85 ýyl”, “5 günde kino” atly bäsleşik, özbek kinosynyň 115 ýyllygy mynasybetli milli çäreler, italýan filmleriniň egin-eşikleriniň sergisi, daşary ýurt kinolarynyň günleri, okuw seminarlary, master-klas sapaklary, meşhur kinematograflar bilen döredijilik duşuşyklary göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, meşhur “Taksi” filminde Emilýeniň keşbini janlandyran fransuz aktýory Frederik Difentalyň hem bu festiwala gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Daniel Kreýg Golliwudyň ýyldyzlar seýilgähinde

5-nji dekabr: Bütindünýä türk kofesi gününde kofeñizi nähili içmek islärsiñiz?

Ata Watan Eserleri