BILIM

“Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek barada hasabat berildi. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasyna göz öňünde tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy tarapyndan “Oguz han” adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Oguz han ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek teklip edilýär.

Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde innowasion, nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly we akylly, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa, kompýuter we mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary boýunça önümleri öndürmekden we satmakdan ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi