SIZDEN GELENLER

Oba hojalykda tehnikalaryň topragy dykyzlandyryşynyň ylmy esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz günsaýyn bedew bady bilen ösýär, özgerýär, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Şu günki oba hojalyk önümçiligini häzirkizaman ylmy-tehniki progresiň gazananlary bolan tehnikalardan we tehnologiýalarda üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Hormatly Prezidentimiz “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip adalatly belleýär we özüniň alyp barýan gündelik işlerinde bu meseläni birjikde ünsden düşürmän, ylma ösen döwleti hem kämil jemgyýeti kemala getirmegiň esasy serişdesi hökmünde garaýar.

Hormatly Prezidentimiz ekinlerden durnukly, ýokary hasyl almak, onuň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan iň kämil, kuwwatly traktorlardyr oba hojalyk gurallaryny ýeterlik mukdarda satyn alyp berýär. Amerikanyň “John-Deer”, “Case”, Germaniýanyň “CLAAS” kompaniýasynyň “Ahon-850”, Belarussiýanyň “Belarus-1221”, “MTZ-82-1”, “MTZ-80H” kysymly traktorlarynyň, azallaryň, ýer tekizleýjileriň, ýer üsti pürküjileriň, gowaça, bugdaýy ekiji enjamlaryň, kultiwatorlaryň, hasyl ýygyjy kombaýnlaryň, dökün döküji gurallaryň tapgyrlaýyn gelmegi dowam edýär. Sürüjiler üçin ähli amatlyklar döredilen tehnikalar ýokary iş öndürijiligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň ekerançylygynda ulanylýan traktorlaryň ýöreýiş bölekleriniň topragy dykyzlandyryşyny barlap Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Altyn-asyr” daýhan birleşiginde olaryň ekinleriň gögerşine, köklerine ýetirýän täsirine, suwarylyşyna ýetirýän täsirini öwrenip, hasyllygy ýokarlandyrmagyň ýollaryny gözläp we teklipleri işläp taýýarladyk. Traktorlaryň tekerleriniň topragy basgylaýan bir geçen yzyndan birnäçe gezek geçip topragy aşa dykyzlandyrýandygy mälimdir, şonuň üçin şol geçilen yzlarda topragyň dykyzlanyşyny gowaçanyň gögerişini, ösüşini we topragyň agrofiziki, ýylylyk fizikasyny, fiziki-mehaniki häsiýetleriniň üýtgeýişini öwrenip türkmenistanyň oba hojalygynda ekilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin degerli teklipleri taýýarlamakdan ybarat.

Traktorlaryň ýöreýiş bölekleriniň gowaçanyň hatar aralarynda topraga ýetirýän dykyzlanmasynyň onuň hasylyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryny Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Alty-asyr” daýhan birleşiginde geçirdik.

Häzirki döwürde traktorlar we oba hojalyk maşynlary ulanylanda olaryň tekerleriniň topragy dykyzlandyryşyny 25-30% çenli peseldip, dartyş häsiýetnamasyny 10-30% gowulap hem-de ýangyç harçlanyşyny 10% çenli peseltmek bolýar.

Esasy traktorlarda we oba hojalyk maşynlarynda tekerler ulanylanda düzgüni bozman olaryň modelini saýlamakdan ybaratdyr.

Oba hojalyk tehnikalarynda ulanylýan tekerler – bu tehnikalaryň ygtybarlylygyny, işe ukyplylygyny we howpsuzlygyny kesgitleýän esasy bölegi bolup durýar. Dogry saýlanyp alnan tekerler önümçilige oňaýly täsir etmek bilen, pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam eder.

Niýetlenişi boýunça oba hojalyk tekerleri bölünýärler: traktorlar, kombaýnlar, tirkeg we asma gurallar üçin. Tekerleriň rezin şinleri içlikli (kameraly) we içliksiz (kamerasyz) şinler ulanylýar. Olar (protektorynyň) gurluşynyň görnüşi boýunça diagonal we radial hillerine bölünýärler

Daşary ýurtlarda oba hojalygynda ulanylýan tehnikalarda tekerleriň işlikli (kameraly) hem işliksiz (kamerasyz) şinler ulanylýar. Işliksiz (kamerasyz) şinleriň aýratynlygy, işlikli (kamerala) garanyňda olar ýeňil we howpsuz bolýar, bu şinler deşilip traktor gapdala gyşaranda kamerala garanyňda abatlanjak ýere rahat baryp bolýar. Kameraly tekerleriň şinleriň peýdaly tarapy meýdan şertlerinde aýryp goýup çalyşmak üçin amatly bolýar. Kamerasyz tekerler şinler barada beýle aýdyp bolmaz. Eger-de ulanylýan tehnikada degen ýa-da ýemşeren diska bolsa kamerasyz şinleri ulanyp bolmaz.

Diagonal tekerleri şinalary häzirki döwürde ulanyşdan galyp we olaryň ornuny radial tekerler şinalar eýeleýär. Bu hem örän çalt bolup geçýär. Radial tekerleriň bular ýaly ýagdaýyny şeýle düşündirmek bolar, ýagny diagonal tekerlerden radiallaryň aýratynlygy çekijilik häsiýetnamasy tapawutlylyga eýedir, olary abatlamak ýeňil, topraga basyşy azdyr.

Radial tekerlere geçmeklik ilkinji nobatda aýratyn ýokary kuwwatly traktorlar üçin häsiýetlidir. Kombaýnlar üçin köplenç ýagdaýlarda öňki diagonal tekerleri gurnalýar. Ýene-de bellemeli ýagny şeýle görkezijiler tizligiň we ýüküň görkezijisi radial tekerleriňki düzgün boýunça diagonala garanyňda ýokarydyr. Oba hojalyk tehnikalarynda importynyň artmagy ýetirilýän talapedijiligiň döremegi radial oba hojalyk tekerleriniň uly ölçeglerde ýokary tizliginiň indeksiniň we ýük indeksiniň başga söz bilen tekerlerde meýdanda işlemäge şeýle hem umumy ulanylýan ýollarda ýokary tizlikde we ýokary ýüklenmä ukyplydygyny görkezýär. Radial tekerleriň ýene bir esasy aýratynlygy diagonal tekerler bilen deňeşdirmesi bar bolan hem köp sanlaryň özara çalyşmak ölçeglerini mysal üçin bir ölçeg diagonal tekerleri 2 we 3 görnüş ölçeglerdäki radial tekerler bilen çalyşyp tekeriň diskasyny çalyşman goýup bolýar. Şeýle diagonal tekerler 16,9-30 radial tekerler 420/85 R 30, 480/70 R 30, 540/65 R 30 bilen çalyşyp bolýar. Radial konstruksialy tekerleri şu günki gün düzgün boýunça daşary döwletlerde öndürilip goýberilýär. Olardan birnäçesi mysal üçin “Michelin” oba hojalyk tehnikalary radial konstruksiýalary kamerasyz tekerleri öndürmeklige doly geçdi. Oba hojalyk şinlerini öndüriji daşary döwletlerde tekerler barada alyp baryjy kompaniýalar “Trellaborg”, “Michelin”, “Goodyear”, “Fristone” önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary bolan bu kompaniýalaryň şinalary ygtybarly, çeýe, berk tiz dargamaýan durumly we howpsuz tekerler öndürýärler. Teker şina önümçiliginiň şu kompaniýalary degişli baýrakly bahaly segmente degişlidir.

Oba hojalyk tekerlerini şinalaryny öndürijiler meşhur “Нижнекамскшина” on bir ölçegli oba hojalyk tekerlerini şinalary öndürýän, şularyň içinde diňe dördüsi radial konstruksiýaly, hem-de “Сибур-русские шины”. Häzirki günde şu ýeke-täk Russiýada kompaniýalaryň biri kamerasyz  oba hojalyk tekerlerini şinalaryny goýberýän kompaniýalarydyr. Soňky üç ýylyň içinde bu kompaniýa 19 görnüşli ölçegli “Tyrex Agro” tekerlerini şinalaryny köpeltdi. Häzirki wagtda 60-a golaý görnüş ölçeglisi tekerler oba hojalyk üçin niýetlenendir. Bulary goýberýän “Днепршина” we “Белшина” kompaniýalarydyr. Ekologiýa tarapdan bu kompaniýalar diagonal we radial tekerleriň şinalarynyň gapdaly berk we mehaniki urgulara durnukly, günbatarda öndürijiler esasy tebigy tarapyna (ekologiýalylygyna) hem-de topragy gorap saklamaklyk üçin topraga basyşyň az bolar ýaly ýumşak tekerler öndürýärler. Öz gezeginde tekerleriň ýumşaklygyny radial gurluşly tekerleriň hasabyna kesgitli garyndyly düzümi hem-de korduň gatlagynyň sanlary esasynda gazanylýar.

Maşynlaryň meýdanda herketi bilen toprak dykyzlandyrmagy dartgynlygyň täsiri astynda massiwinde ýüze çykýar. Olaryň belgidi we kanuny ölçegligi ýaýramaklygy teker bilen topragyň özara baglylygyny prasese baglydyr.

Dartgynlylygyň hasaby islendik nokadyň keseligine (yzynyň gatnaşygy) massiwiň kese kesigini topragyň mehaniki gatlagy üçin şu deňlemeler ulanylýar. Burçlaryň koordinata çyzyklar bilen çalyşmagy öwrenilmeginden şu görnüşi alyp bolýar.

bu ýerde z we x – kese we dik koordinata nokatlary tekeriň galdyrýan yzynyň ortasyna görä dartgynlygy kesgitlenýär. (1-nji surat); x1= x + 0,5B; x2 = x – 0,5B (bu ýerde B tekeriň ini;   basyşyň maksimal gatnaşygy).

Topragyň başlangyç birlik göwrüm dykyzlygy , alynan şol nokat ýerden (massiwden) teker geçenden soň ol üýtgäp dykyzlyk bolar. Onda şeýle ýazyp bolar.

bu ýerde  ,  we  – koordinata oklara görä toparyň göwrüm birlik otnositel dartgynlylygy; KB – göwrümiň ulalma koeffisiýenti, topragyň düzümi hasaba alýan maýyşgaklyk.

Synag tejribe işleriň netijesinde maýyşgak dartgynly toprakly ýerleriň düzümi 0,7 …. 3% we olaryň dikeldilen alynan hemme taraplar bilen birmeňzeş bir bellikli KB 1,02 … 1,09 aralygy düzýär.

Hasaba alyş otnositel dartgynlygyň birlik döwrüni üçin maýyşgaklyk nazaryýet deňlemesi ulanylýar, süýkeşikligi we süýnmekligi onda   Topragyň dykyzlyk koeffisiýenti, şeýle gatnaşyga getirilýär.  /  , formula bilen kesgitlenip

1-nji surat. Toprak dykyzlandyrmagy dartgynlygyň täsiri astynda giňişliginde (massiwinde) ýüze çykýan shemasy.qm(çep tarapda) we topragyň birlik göwrümi (sag tarapda),synag dykyzlanmasy.

Getirilen usulýetiň hasaplamasy topragyň dykyzlygynyň ulalmagy we seljerilişiniň ýagdaýlarynyň tekeriň bir geçen yzyndan birnäçe gezek geçip,topragyň aşa dykyzlanmagyna getirýändigini görkezýär.

Aşyrmyrat Hallyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Eýfel diňiniň beýikligi 330 metre ýetdi

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika