JEMGYÝET

Oba hojalygy boýunça netijeli gözlegler geçirilýär

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek, seleksiýa we tohumçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak, ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişiniň öň­debaryjy tärlerini ylmy taýdan esaslandyrmak, hasyla zyýan berijilere garşy netijeli göreş çärelerini işläp düzmek boýunça ylmy barlaglary alyp barýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şunda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezine degişli bolan Ahal, Akdepe, Daşoguz, Lebap, Saýat, Mary, Ýolöten, S.A.Nyýazow adyndaky, şeýle-de Etrek ylmy-önümçilik synag hojalyklary oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri boýunça düýpli ylmy-barlag geçirýän esasy düzüm bölekleridir.

Bu ylmy-önümçilik synag hojalyklarynda «Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we ilkinji tohumçylygy», «Türkmenistanyň dürli toprak-howa şertlerinde ir ýetişýän we ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili I — V tipe degişli gowaça görnüşleriniň seleksiýasy», «Gowaçanyň saýlantgy tohumyny öndürmegiň ýokary netijeli usulyny işläp düzmek we önümçilikde ekilýän görnüşleriň tohummaýa, naýbaşy, saýlantgy tohumlaryny öndürmek», «Sümmülli we kösükli däneli ekinleriň seleksiýasy», «Sümmülli däneli ekinleriň ilkinji tohumçylygy», «Gök-bakja ekinleriň dürli möhletlerde bişip ýetişýän, ýokary hasylly görnüşleriniň seleksiýasy», «Terligine iýilýän üzüm sortlarynyň seleksiýasy», «Gysga aýlawly ekin dolanyşygynda aralyk ekinleri ulanmagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek», «Miweli we subtropik baglaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek», «Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyna täsir edýän zyýan berijileriň görnüşlerini, ýaýraýyş derejesini anyklamak hem-de olara garşy göreş çäresini kämilleşdirmek», «Ilkinji, bäsleşik synagyndaky gowaça sortlarynyň we dünýä sort nusgalarynyň kesellere çydamlylygyny öwrenmek» ýaly dürli temalar boýunça alyp barylýan ylmy barlaglar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň okgunly ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy