DÜNÝÄ

Nýu-Ýorkda Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň resmi däl duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde amala aşyryldy.

Gurama agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasynyň gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, şu ýylyň 6-njy noýabrynda Bişkek şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky Sammitine görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz tarapy öňde boljak Bişkek sammitinde kabul ediljek ähmi resminamalar boýunça ylalaşyk gazanmagy çaltlandyrmaga çagyrdy.

Şeýle hem ministrler Türki Döwletleriň Guramasynyň halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG bilen gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bu duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu gatnaşdy.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň syýahatçylyk ministrleriniň 9-njy hem-de Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň syýahatçylyk boýunça iş toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy