BILIM

Niderlandlarda mekdeplerde telefon ulanmak gadagan edildi

Niderlandlar Patyşalygynda mekdeplerde sapak döwründe okuwa päsgelçilik döredýändigi üçin dürli enjamlary, hususan-da, mobil telefonlary ulanmak gadagan edildi. Bu barada “BBC News” habarlar neşiri habar berýär.

Hökümetiň bu başlangyjy mekdepler bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler we indiki ýyldan güýje girer. Bu başlangyjyň çäklerinde käbir kadadan çykma ýagdaýlar hem göz öňünde tutuldy. Ol hem lukmançylyk zerurlyklary ýa-da maýyplyk, şeýle hem sanly ulgamlara gönükdirilen derslerde bu enjamlardan peýdalanmak göz öňünde tutulyp bilner.

– Mobil telefonlaryň biziň durmuşymyz bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bardygyny bilýäris, ýöne muňa garamazdan, onuň dersde orny ýok – diýip, Niderlandlaryň bilim ministri Robbert Deýkgraaf belledi. Okuwçylar ünsüni okuwa jemläp, has gowy okamak mümkinçiligine eýe bolmalydygyny mälim etdi.

Ders wagtynda planşet, şeýle hem “akylly” sagatlardan hem peýdalanmak gadagan edilýär.

Ýurduň hökümeti bu babatda mekdepleriň mugallymlar, ene-atalar hem-de okuwçylaryň arasynda dürs düzgünler boýunça ylalaşmalydygyny belleýär.

Bu karar 2024-2025-nji okwu ýylynyň ahyrynda täzeden seredilip, derslerde mobil enjamlaryň gadagan edilmeginiň netijelerine baha berler. Şonuň netijesinde, degişli çözgüt kabul ediler.

Şeýle çözgüt Finlýandiýada geçen hepde kabul edildi. Angliýa we Fransiýa ýaly döwletlerde mekdeplerde mobil telefonlary gadagan etmek boýunça teklipler edildi.

Ýene-de okaň

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler