BIZNES

Niderlandlar bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistan iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine üns bermek bilen, döwrebap tehnologiýalara hem-de ylmy-tehniki innowasiýalara eýe bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalarynyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi. Bu kompaniýa bazaryň her bir ugry üçin niýetlenen gämileri — tirkeglerden başlap, lýuks kysymly gämilere çenli işläp taýýarlamak we gurmak babatda ýöriteleşdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga özara islegiň bardygyny tassyklamak bilen, bar bolan mümkinçilikleri, şeýle hem degişli pudaklarda, şol sanda gämi gurluşyk pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler