SPORT

Neýmar 100 million ýewrodan ýüz öwürdi

Fransiýanyň «Pari-Sen-Žermen» (PSŽ) toparynda çykyş edýän braziliýaly Neýmaryň Ispaniýanyň “Barselona” toparyna dolanyp barmak üçin 100 million ýewrodan ýüz öwrendigi mälim edildi. «Mundo Deportivo” neşiriniň habar bermegine görä, fransuz klubynyň eýeleri braziliýaly Neýmar bilen şertnamany uzaltmaga synanyşdylar we oňa wepalylyk üçin bonus hökmünde 100 million ýewro teklip etdiler, emma ol olaryň teklibini ret etdi.

Neşiriň belläp geçmegine görä, 28 ýaşly futbolçy ozalky topary bolan “Barselonada” çykyş etmek üçin aýlyk hakyny hem 2 esse azaltmaga taýyndygy bellenildi.

Neýmar PSŽ toparyndan “Barselona” 2017-nji ýylyň tomsunda geçdi. Şonda transferiň bahasy 222 million ýewro deň boldy.

Netijede, hüjümçiniň Kataloniýa klubyna dolanmak isleýändigi habar berildi. Ispaniýanyň “Real Madrid” we Italiýanyň “Ýuwentus” toparlary hem oýunçynyň hyzmatlary bilen gyzyklandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy