Häzirki wagtda ylmy işlerde duş gelýän “нанолингвистика”, “нанофилология”, “наносемантика” ýaly adalgalar “nano” sözüniň dil we dil biliminiň bölümleri bilen baglanyşynyň hem bardygyny anyk nusgalar bilen görkezýär.
Biz turuwbaşdan bu mesele (nano bilen diliň özara baglanyşygy meselesi) babatda şuny aýtmakçy bolýarys. Ol hem “nano” sözüniň öňi bilen diliň önümidigi baradaky pikirdir. Başgaça aýdanymyzda, “nano” sözi-de hut dildäki beýleki sözler ýaly sesler bilen sözlenilýär (geplenilýär), harplar bilen ýazylýar, adalga hökmünde ulanylýar.
Häzirki wagtda nanolingwistika boýunça birnäçe ylmy işleriň edilendigini başda belläpdik. Rus alymy Л. Н. Синельникова 2005-2012-nji ýyllaryň arasynda gürrüňi edilýän mesele boýunça birnäçe ymy makalalary ýazandygyny bellemek bolar. Onuň “Нанолингвистика: векторы формирования”. “Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций” diýen makalalarynda “nanolingwistikanyň” geljekde bolup biljek esasy ugurlaryndan söz açylypdyr. [Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, c. 9-16; Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005, c. 186-193].
3.Türkmen dili we nanolingwistika. Bu adalga türkmen diline täze girmäge başlady. Şonuň üçin biz bu makalada daşary ýurtly alymlaryň pikirlerinden, garaýyşlaryndan we okan köpsanly ylmy çeşmelerimizden ugur alyp, öz ene dilimiziň mysallary esasynda ilkinji gezek türkmen dilinde “nanolingwistika” diyen täze ylmy ugur hakynda umumy maglumat bermeklige synanyşdyk.
Nanolingwistika – dil bilimi bilen baglanyşykly täze ylmy ugurdyr. Ol döwrüň ösen tehnologiýasynyň dil biliminden edýän täzeçe talaplaryna görä ýüze çykandyr.
Eýsem, nanolingwistikada näme öwrenilýärkä? Nanolingwistikada hem ýene dil öwrenilýär, başga zat öwrenilenok. Başga ýerden üýtgeşik zat hem getirilenok.
Nanolingwistikada – diliň birlikleri hemmetaraplaýyn saýgarylyp-seljerilýär we doly derňew edilýär.
Nanolingwistikada – diliň birlikleriniň gurluşy taýyndan iň kiçi galyplary-da doly ýüze çykarylyp hasaba alynýar.
Nanolingwistikada – diliň birlikleriniň derňewiniň täzeçe tilsimleri çözülýär, inçe ýollary gözlenilýär, owuntyk sudurlary barlanylýar.
Nanolingwistikada – diliň birlikleriniň beýleki ylymlar bilen baglanyşygy hemmetaraplaýyn derňelýär.
Ýokarda aýdylanlardan gelip çykýan netije şeýledir: dil we onuň birlikleri bilen baglanyşykly alnyp barlan öňki barlaglar täze gazanylan baý tejribeler esasynda ösen döwrüň talaplaryna görä has-da çuňlaşdyrylýar.
(dowamy bar)
Edebiýatlar:
1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.
2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.
3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.
4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.
5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.
6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.
7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.
8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.
9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.
- Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.
11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.
12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.
13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.
14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.
- Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.