SIZDEN GELENLER

«Myhman, seniň üçin jaý salyp goýdum»

Merdana halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen iň ajaýyp däpleriniň biri-de öýüne gelen myhmany hormatlap, ony söwüş bilen garşylamak dessurydyr. Bu dessur örän irki döwürlerden bäri heňňamlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, has-da kämilleşdirilip gelnipdir. Ylaýta-da, türkmen döwletli ojaklarynda toý tutmakçy bolnanda, goluny çyzgap dowar soýmagyň ugruna çykýar. Tagam taýýarlanlarynda goýnuň kellebaşaýagy hormat bilen ýaşulularyň öňünde goýulýar. Haýal otda mazaly gaýnadylyp, çorbasy goýalan kellebaşaýakdan dadan ýaşulular tagamyň hormatyna töwir galdyryp, ýagşy dilegler edýärler.

Lukman Hekimiň: «Hepdede bir, aýda bir, ýylda bir gezek iýmeli» diýen tagamlarynyň hataryna girýän kellebaşaýagyň ynsan saglygyny, süňňüni berkitmekde ähmiýetiniň örän uludygy üçin ýaşululara hödür-kerem edilýär. Goýnuň böwregidir öýkeni bolsa körpe paýy hasap edilipdir. Goşa böwrek çagalara paýlanylyp, öýken öýkelek oglanlaryň öýkesinden ýazylmagy üçin berlipdir. Goýnuň döşi gudalar myhmançylyga gelende berlip, ol guda paýy hasap edilipdir. Ýaşulularyň gudalary myhmançylyga gelende: «Gudam — döşüm, oňurgam. Gudaçylygyň gadyry barmakda hem gelmekde» diýip garşy almagy-da sylag-hormaty aňladýar. Guda myhmanlar gaýdanlarynda hem olaryň saçaklaryna pişme, byzmyk, gatlama, çapady ýaly toý tagamlary salynýar. «Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar» diýen paýhasly ýörelgä eýerýän ilimiz agzybir, döwletli ojagynda myhmanyň hormatyna soýulýan malyň etinden uly höwes bilen naýbaşy milli tagamlary taýýarlap, mürähet etmegi ýagşy däpleriň, sogaply işleriň biri hasaplapdyr.

Paýhasly pederlerimiz ýaş nesle: «Aňyrdan gelen myhmanyň öý eýesiniň hödür-keremine göwni açylýandyr. Öýüňde myhman bar wagty çagalara käýemek ýa-da gaharlanmak myhmany sylamazlyk hasaplanylýar. Şeýle-de, myhmanly wagtyň öý işlerine gümra bolmak hem halanmaýar, ol işler soňa goýulmalydyr. Myhmany törde oturdyp, onuň ýumşuny bitirmek uly sogapdyr. Näçe işli bolsaňam, myhman gaýdanda, ony iň bolmanda, ýedi ädim ugratmagam sogaply işleri hataryna girýändir…» diýip, hemişe sargyt edýärler. Türkmenlerde «Gelen — döwlet» diýilýär. Ýagşy arzuw-niýet bilen gapydan gelen myhmanyň oňat arzuw-dilegleri tiz kabul bolup, gelen ýeriniň rysgal-berekedi artyp, ol döwletli myhman diýlip hasaplanýar. Şahyr Italmaz Akmyradowyň «Myhmana» diýen goşgusynda şeýle setirler bar:

Işlem bolsaň, gitme, duz-çörek datman,

Gapym — göwnüm açyk, şaýadym — asman,

Seniň Hydyr ata bolmagyň ahmal,

Myhman, seniň üçin jaý salyp goýdum.

Zyýapata çagyrylýan myhmanyň hormatyny aýratyn tutýan türkmen halkynyň bu adaty onuň ruhy dünýäsiniň aýnasy bolup öwüşginini dünýä saçýar.

Myhmana hezzet-hormat etmek öý eýesiniň parzydyr. Hal-ahwal soraşylyp, ilki çaý hödür edilenden soň, saçak giňden ýazylyp, nahar-şoruň kemini goýmazlyk üçin çalşylýar. Hödür-keremi ýetirilen myhman naharlanyp, saçak başyndan çekilýänçä, öý eýesi nahardan ir boldum etse, myhman özüni oňaýsyz duýýar. Öýde uly barka, ýaşlaryň olardan öňürdip, myhmana hezzet etmegi hem makullanmaýar. Gapydan gelen myhmandan saglyk-amanlyk soraşylandan soň, ony bosagada kän saklamagam oňlanmaýar. Gelen myhman erkek kişi bolsa, şol öýdäki gyz maşgalanyň gaty gürlemegi, gaty gülmegi gelşiksizlikdir. Türkmençilikde erkek adamlaryň oturan otagyna gyz maşgala barmaýar. Myhman halky synçy bolýarmyş. Şonuň üçin hem öý-içeriňi tämiz saklamak, özüňi edaly alyp barmak ulugyzyň, aýal maşgalanyň borjy bolup durýar. Myhmanyň öňünden geçmek, uly adamlaryň gürrüňine goşulyp, olaryň söhbedini bölmek ýaşlara gelişýän häsiýet däldigi barada ýaşuly nesli hemişe ündeýär.

Her bir öwüt-ündewi maňzyňa batyp, hereketi görelde mekdebi bolan myhmansöýer pederlerimiz jaý guranlarynda «Myhman jaýy» diýip, aýratyn otag niýetleseler, käbä deňelýän enelerimiz nahar bişirenlerinde, «myhman paýy» diýip, nahary artygrak taýýarlamagy endiklerine öwrüpdirler. Olar: «Myhmandan gysganylan tagam hiç kime nesip etmez. Tagamyň gowusyny myhmana hödürleseň, berekediň artar. Saçagyň rysgaly köpelip, myhmana hyzmat etmekde sarp eden wagtyňam sanalgy ömrüň üstüne goşularmyş diýilýär. Öýüňe myhman gelmegi ýa-da myhmançylyga gitmek durmuşyň lezzetidir» diýip, türkmeniň myhmansöýerlikde hiç bir halka meňzemeýän ýagşy düzgünleri barada buýsanmak bilen gürrüň berýärler. Törüni ýaşulusy bezeýän islendik türkmeniň hojalygyna myhman bolsaň, ýörite niýetlenilen myhman otagy bolup, eplenip, rejelenip ýygnalan, owadan ýorgandyr — düşeklere, myhman oturjak ýere gözüň düşýär. «Türkmeniň gapysy Taňry myhmany üçin mydama açykdyr» diýen pähime eýerilýändigini çaýdan soň, garaşdyrylman datly nahar-şoruň saçaga alynmagy-da tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza sowgat beren on iki bölümden ybarat bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň altynjy bölümi «Myhmansöýerlik» diýlip atlandyrylýar. Onda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän myhmansöýerlik ýörelgeleri beýan edilip, myhmançylyk kadalary, däpleri dürli rowaýatlaryň üsti bilen jaýdar açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli ruha ýugrulan eserleriniň nobatdaky bu kitaby türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň açarydyr. Sözümiziň şu ýerinde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän kitabyň sahypalaryndan halkymyzyň myhmançylyk däpleriniň aýratynlygyny aýdyň görkezýän tymsala ýüzlenmegi müwessa bildik. Onda beýleki halklaryň däplerine meňzemeýän milli myhmançylyk däplerimiziň esasynda halkymyzyň päk ýüreginiň durýandygyna göz ýetirmek bolýar.

«Türkmençilikde «Taňry myhmany» diýen düşünje myhmana edilýän uly hormat-sylag bilen baglanyşyklydyr. «Myhman ataňdan uly» diýip, myhmana ataňa goýýan hormatyň ýaly hormat goýmalydygyny aýratyn belläpdirler. Çünki perzendiň ene-atasyna hormaty watançylyk söýgüsiniň binýadydyr. Myhman öýe ýörite çakylyk bilen gelse-de ýa-da onuň tötänden nesibesi atylan bolsa-da, ol güler ýüz bilen garşy alynýar. Onuň özüni rahat duýmagy üçin alada edilýär. Weziriň ogluny şanyň köşgüne myhmançylyga ýany bilen alyp gidişi baradaky tymsalda hem myhmançylygyň düzgünleri jaýdar beýan edilýär.

«Myhmançylykda özüňi asylly alyp bargyn. Saňa şanyň süýji nygmatlardan hödür etmegi mümkin. Sen iýmän çekinjiräp oturmagyn!» diýip, wezir ogluna tabşyrýar. Oglana patyşa burk urýan alma hödür edýär. Oglan hem ony alýar-da, kakasynyň çekinjiremegin diýen sözlerini ýatlap, ony işdämenlik bilen iýýär. Soň kakasy: «Oglum, sen ýalňyşdyň. Patyşanyň saňa eli bilen uzadyp hödür etmegi uly mertebe. Sen uly hormat bilen patyşa minnetdarlyk bildirip, almany hem aýratyn sowgat hökmünde, öz ýanyňa alyp gaýdan bolsaň gowy bolardy» diýip, oňa öwüt berýär. Ertesi gün patyşa oglana öz öňündäki ullakan omaçany hödür edýär. Oglan ilkibada aljyrajak ýaly edýär. Soňundanam patyşa minnetdarlyk bildirip, omaçany şol wagt iýmän, ýagy-beýlekisi bilen ýanyna alypdyr».

Bu tymsaldan görnüşi ýaly, myhmançylygyň hem öz edebi, sypaýylygy bar. Şu hili edepler, sypaýyçylyk şeýle ajaýyp häsiýetleri öz kalbyna siňdiren türkmen halkyna mahsusdyr. Myhmany atasyndan uly hasaplap, oňa aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň ösüşli ýollary-da, durmuşy-da şonuň ýaly, kalbyna kybap gelýär. Milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty hem şu hili baý türkmen milliliginden ýörelge alyp, ösüşiň täze derejelerine sary batly gadamlar bilen barýar. Myhmançylyk däpleriniň şeýle häsiýetli aýratynlyklaryny bilmek, halkymyzyň ruhy dünýäsine akyl ýetirmek her birimiziň parzymyz bolup durýar.

Mahlasy, türkmen dünýäsiniň häsiýetini açyp görkezýän, salamdan soňky ilkinji hormat bolup durýan myhman kabul etmegiň, myhmany güler ýüz bilen garşy almagyň däpleri halkymyzyň milli sypaýylyk aslyndan gözbaş alýar.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,

«Türkmenistan» gazetiniň habarçysy.

 

Bellemeli zat, häzirki döwürde döredijilik toparymyz tarapyndan yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi hem dowam edýär. Sizi  “Söýgi-durmuşyň özeni” mowzugy bilen yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigine hem gatnaşmaga çagyrýarys. Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri şu ýere basyp okap bilersiňiz!

SAÝLANAN TESWIRLER:

  1. Ýaran Akmämmedow – “Türkmeniň milli ýörelgeleri hakynda dürler hazynasy“: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
  2. Şamyrat Muhammetgurbanow – «Myhman, seniň üçin jaý salyp goýdum»: «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy.
  3. Toýly Jänädow – «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» – milli paýhas göreldesi:           Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
  4. Bagtygül Ernazarowa – “Döwletliligi kemala getirýän gymmatlyklaryň kämil beýany”: Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
  5. Ahmet Geldiýew – “Buýsançdan asmana ýeter başlary”: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
  6. Gunça Orazowa – “Göwün guşumyzy ganatlandyran täze kitap”: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
  7. Şaperi Otuzowa – “Aslymyzdan nusgalykdyr döwrüme”: žurnalist.
  8. Gülşat Ahunowa – “Agzyňyz bir bolsun, ýaşyňyz uzak”: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
  9. Ogultäç Oraztaganowa – “Gymmatyny müň tyllaga bermenem!”: “Galkynyş” gazetiniň žurnalisti.
  10. Altyngözel Amanmämmedowa -“Aslyň kimlerden?”: Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  11. Aýjemal Gaýlyýewa – “Döwletli dünýäniň diwany”: Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
  12. Bahar Mämmedowa – “Ýiti zehiniň miwesi”: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Saýlanan 12 eseriň her bir awtoryna 250 manat möçberinde pul baýragy berler. Döredijilik toparymyz şeýle taslama gelejekde hem dowam etmek isleýär we indiki taslamalarda emeli aň (AI) we startup ýaly ugurlar esasy mowzuk bolup çykyş edip biler!

Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika