DÜNÝÄ

Müsürde tapylan 2500 ýyllyk  tabytlar

Müsüriň paýtagty Kairiň günbatarynda ýerleşýän 2500 ýyllyk 59 sany tabytlar ilkinji gezek tanyşdyryldy. Müsüriň Gadymyýet ministrligi geçen hepde paýtagt Kairiň günbataryndaky Sakkara arheologiki ýadygärliginde çuňlugy 10 metrden 12 metre çenli bolan 3 sany mazarda 59 reňkli agaç tabytlaryň bardygyny we häzir hem tabytlaryň öz durkuny saklap galandygy we asyl reňklerini ýitirmän gelýändigini  habar berdi.

Müsüriň Taryhy işler ministri Halid el-Anani, şeýle hem 60 ilçi we 200-den gowrak ýerli we daşary ýurt metbugat wekili açyşyň köpçülige ýetirilmegi üçin geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Metbugat ýygnagynda Anani gowy goralýan tabytlar boýunça geçirilen ilkinji synaglaryň olaryň biziň eýýämyzyň 6-7-nji asyrlarynda höküm süren 26-njy faraon neberesiniň döwrüne degişlidigini aýtdy.

Mundan başga-da, Müsürdäki ýerli we daşary ýurt wekilhanalary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde müňlerçe ýyllyk taryhy eserler tapyldy.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy