JEMGYÝET

Moskwada «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» ady bilen Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Rus işewürleriniň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekillerini tegelek stoluň başyna jemlän maslahat şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň taýýarlygyna bagyşlandy.

Maslahatyň guramaçylary ykdysadyýet we innowasiýalar, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeniýet ýaly ugurlar boýunça Hazar basseýniniň ýurtlary üçin has derwaýys meseleler boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etmeklerini teklip etdiler. Hazar sebitinde işewürlik-prosesleriniň ösüşini işjeňleşdirmäge gönükdirilen eýýäm bar bolan ykdysady taslamalaryň ilerledilmeginde rus we birnäçe daşary ýurtlaryň hususy hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň görnetin gyzyklanmasynyň bolmagy ara alyp maslahatlaşmalaryň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.

Çykyş edenler dürli ugurlar boýunça Hazar deňziniň basseýninde we ýanaşyk ýerlerde halkara işewürlik hyzmatdaşlygyna täze güýçli itergi bermäge öz wagtynda gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetini belläp geçdiler. Çykyş edenleriň pikirine görä, Türkmenistanyň Hazardaky özüniň uzakmöhletleýin strategiýasyny ornaşdyrmak bilen sebitde geljekki giňişleýin köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin eýýäm häzirki wagtdan kuwwatly ykdysady, ulag-logistika, syýahatçylyk binýadyna eýe bolup durýandygy bu ugurda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.  

Maslahatyň çäklerinde birinji Hazar ykdysady forumynyň resmi saýtynyň we Türkmenistanyň Hazar kenarýakasynyň mümkinçilikleriniň wideo-tanyşdyrylyşy geçirildi. 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär