JEMGYÝET

Milliarderleriň sany köpeldi

“Wealth-X” hünärmenleriniň habar bermeginde, 2019-njy ýylda milliarderleriň sany 211 adam artyp, 2825-e ýetdi, munuň özi rekord hasaplanylýar. Şeýle adamlaryň köpüsi ýagny 788 adam ABŞ-da ýaşaýar.

2019-njy ýylda dünýäde  milliarderleriň sany 2825-e deň boldy. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 221 ýa-da 8,5% artdy. Olaryň jemi baýlygy ýylyň dowamynda 10,3 % artyp, 9,4 trillion amerikan dollara ýetdi.

Kompaniýanyň habaryna görä, 2019-njy ýyla çenli milliarderleriň sany boýunça ýurtlaryň sanawy:

1.ABŞ – 788 sany adam milliarder;

2.Hytaý – 342 sany adam milliarder;

3.Germaniýa – 153 sany adam milliarder;

Ilkinji bäşligiň arasynda Şweýsariýa we Beýik Britaniýa hem bar – bu ýurtlaryň hersinde 100 sany  milliarder adam bar. Iň köp milliarder bolan ýurtlaryň we sebitleriň sanawyna Gonkong, Hindistan, Saud Arabystany, Fransiýa, Italiýa, Braziliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Kanada we Singapur hem girýär. Bilermenler, umuman alanyňda, ähli milliarderleriň dörtden üç böleginden gowragynyň bu 15 ýurtda ýaşaýandygyny bellediler. Şäherlerden milliarderleriň köpüsi Nýu-Yorkda ýaşaýar – 113 adam. Ondan soň Gonkong we San-Fransisko bar – degişlilikde 96 we 77 milliarder.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri