SPORT

Messi meşhur saud brendiniň ilçisi boldy

Häzirki wagtda ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän argentin ýyldyz Lionel Messi Saud Arabystanynyň meşhur “Sayyar” egin-eşik brendiniň ýüzi boldy. Bu kompaniýa ýokary hilli eşik we aksessuarlary öndürýär.

“Sayyar” kompaniýasynyň jemgyýetçilik torunda Messiniň araplaryň milli erkek egin eşikleri bilen bolan suratlary we wideosy ýaýradyldy. Brendiň resmi saýtynyň habayrna görä, “şemag” diýliň atlandyrylýan erkek şarfyň bahasy 80 dollara barabardyr.

2022-nji ýylyň maýynda Messi resmi taýdan Saud Arabystanynyň syýahatçylyk boýunça ilçisi bolupdy.

Related posts

Täze Zelandiýa 3-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar

“Arkadag” topary ilkinji duşuşygyny geçirer

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy