SPORT

Meşhur derwezeban futbol bilen hoşlaşdy

Dünýä meşhur derwezeban Iker Kasilýas futbol karýerasyny tamamlady. Onuň futbol äleminde iň soňky oýny “Porto” toparynda 2019-nji ýylyň aprelinde “Riu Awe” topary bilen geçiren duşuşygy boldy. Ispaniýaly derwezeban geçen ýylyň ahyrlaryna “miokard infarkt” keseline duçar boldy. Şondan bäri hem oýun meýdançasyna dolanmady. Futbol äleminde yz galdyran Kasilýas indi doly pensiýa çykmaga karar berdi.

Kasilýas 2015-nji ýylda özüniň ýetişen topary “Real Madridden” “Porto” toparynyň düzümine goşuldy. “Real Madridiň” bir agzasy hökmünde ol bäş gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek Ispaniýa kubogynyň eýesi, dört gezek Ispaniýanyň Super kubogynyň eýesi, üç gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, iki gezek UEFA Super kubogynyň ýeňijisi, Klub dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. “Porto” bilen bilelikde oýunçy Portugaliýanyň çempiony boldy we ýurduň Super kubogyny aldy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Kasilýas Dünýä çempionatynda (2010) ýeňiji boldy we iki gezek Ýewropa çempiony boldy (2008, 2012).

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar