JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Russiýada saparda bolýarlar

Merkezi Aziýanyň döwletleri – Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri Russiýada saparda bolýarlar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolup, Kazan şäherinde geçirilýän “Geljegiň oýunlary” elektron sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna sapar bilen bardy. Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleri bolsa, şu gün Kazan şäherine bararlar.

Kazan şäherinde “Geljegiň oýunlary” ýaryşy 21-nji fewral-3-nji mart aralygynda geçiriler. Bu halkara ýaryşa 100-den gowrakdan türgenler gatnaşarlar. Umuman, 107 döwletden 277 topar we 2 müňden gowrak türgen sportuň innowasion görnüşleri boýunça bäsleşerler.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri