DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle hem taraplar soňky ýyllarda ýokary döwlet derejesinde, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind hem-de Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşyklarynyň we telefon arkaly gepleşikleriniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler.

Bu ugurda ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň depgini barada pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn günlerde wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy.

“S7” awiakompaniýasy: awiapetekler we el-goÅŸlar barada…

Ýene-de okaň

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär