JEMGYÝET

Melhemlik ys

Gadym  wagtlarda  Salyh aga diýip bir akyldar ýaşapdyr. Onuň  üç sany ogul perzentleri  bar  eken. Salyh aga bir gün olary bir ýere jemläp :”Eý ogullarym, men sizden adam balasy üçin ömürlik  melhem etjek  ysyň nämededigini we ony getirip görkezmegiňizi  isleýän.”diýip ýüzlenipdir. Ogullary her ýerik dagapdyr. Salyh aga birküç käse çaý içäýinçä perzentleri  gelipdir.Uly ogly :Kaka,meniň pikirimçe melhemlik  ys gülde, çünki güli ysganyňda şähtiň açylýar we keýpiň durlanýar.”diýip, elindäki güli uzadypdyr. Ortanjy ogly:”Meniň üçin bolsa, topragyň  ysy has ýakymly.” diýipdirde, bir gysym topragy uzadypdyr. Körpe oglunyň bolsa elinde hiç zat ýok. Kakasy munuň sebäbini sorapdyr. Ogly:”Eý pederim, meniň pikirimçe dünýäde iň melhemlik ys enäniň ysydyr, sebäbi ol ysy içiňe çekeniňde ýüregiňe we ruhuňa melhem berýär, ysgadygyňça doýup bolanok, soňra bolsa ol ys seniň ömür boýy ýadyňdan çykmaýar. Hawa, doganlarymyňam pikirleri ýalňyş däl, ýöne syn edip görüň, az wagtdan olar ysgalyp taşlanar. Şonuň üçinem  ömürlik melhem etjek ys ene ysydyr.”diýipdirde, sözüni jemläpdir.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maksat ALYÝEW 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady