JEMGYÝET

Meledag bedewi – Niderlandlardaky ilkinji çempion

Şu gün Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ady äleme dolan behişdi bedewlerimiz bilen bagly giň gerimli, köpugurly çäreler badalga aldy.

«Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň bilelikde gurnaýan meşhur «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasyndaky halkara gözellik bäsleşigi geçirildi.

Niderlandlarda ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça halkara bäsleşiginde hünärmenler topary ahalteke bedewleriniň bir ýaşdan dört ýaşa çenli bolan iň gowy wekilleriniň arasyndaky gözden geçirişiň ilkinji tapgyrlarynyň netijelerini jemledi.

Atlaryň beden gurluşynyň sazlaşygyna, syratyna we däp bolan şaý-seplerine baha berip, eminler bäsleşigiň ilkinji öňdebaryjylaryny kesgitlemäge başladylar.

Iki ýaşar bedewleriň arasyndaky bäsleşikde gözel syratly Meledag çempion diýen ada mynasyp boldy.

Related posts

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy maslahatlaşygy

Türkmenistan havai fişekler ile yeni yılı karşıladı

vepa

Prezident Ärdogan: Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä getirmegi meýilleşdirýäris