Islendik hünäri kämilleşdirmekde tejribe toplamagyň, ony öwrenmegiň we ýaýratmagyň ähmiýeti möhüm hasaplanýar. Bilim-terbiýeçilik işgärini hünär babatda kämilleşdirýän, kärine bolan söýgini artdyrýan çelgi hem hut tejribe diýen düşünje bilen berk baglydyr. Tejribe arkaly taplanan şahsyýet öz saýlan käriniň ussady bolup, kärdeşleri üçin hem görelde hökmünde öňe çykýar. Şeýle ussat pedagogik işgärleriniň sanyny artdyrmak, tejribeleri öwrenmek, seljermek we ýaýratmak, gazanylan netijeleri wagyz etmek hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň guramaçylyk, okuw usulyýet işlerine hem mahsusdyr. Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda çagalar bakja-baglarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň tejribelerini öwrenmäge, olaryň sapak geçmek we terbiýe bermek usulyýetini baýlaşdyrmaga, degişli maslahatlar, okuwlar we çykyşlar arkaly ýaýratmaga ýokary ähmiýet berilýär.
Mekdebe çenli çagalar edarasynda tejribeleri öwrenmek wezipesi ilki bilen aýratyn iş usuly bilen tapawutlanýan terbiýeçiniň mynasyp saýlanmagy bilen başlanýar. Onuň sapak guramak, sapagyň gidişini alyp barmak, guramaçylyk babatda tapawutlanmak ýörelgeleri aýdyňlaşdyrylýar. Terbiýeçiniň sapagy guramakda, meýilnama boýunça çäreleri geçirmekde, çagalar bilen iş alyp barmakda beýlekilerden tapawutlanýan taraplary göz öňünde tutulýar. Onuň tejribesini öwrenmäge esas berýän aýratynlyklar, onuň bu ugurdaky bilimi, oňyn ähmiýetli iş usulynyň netijesi, şeýle tejribäni gazanmakda peýdalanýan gollanmalary nazara alynýar. Şeýlelikde tejribesi öwrenilmäge we ýaýradylmaga mynasyp görülen terbiýeçiniň haýsy ugur boýunça tapawutlanýandygy göz öňünde tutulyp, ýörite ýygnak arkaly bu meselä seredilýär. Gelnen netijelere, ýygnagyň başlygynyň çykaran çözgüdine laýyklykda terbiýeçiniň tejribesini öwrenmek resmi taýdan yglan edilýär. Çagalar baglarynyň derejesinde terbiýeçileriň tejribesini öwrenmek işi terbiýeçi-usulça degişlidir. Terbiýeçi usulçy bu boýunça wezipe ygtyýarlyklaryna laýyklykda, degişli düzgünnamalardan peýdalanmak arkaly bu işi bellenilen döwrüň dowamynda yzygiderli alyp barýar. Onuň meýilnamasyny düzýär we meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleri toplumlaýyn amala aşyrýar.
Bu döwürde tejribesi öwrenilýän terbiýeçiniň şahsyýeti, medeniýeti, özüni alyp baryşy, sözleýiş medeniýeti, sapagy guramaçylykly geçirişi, peýdalanýan serişdeleri, täzeçe we döredijilikli çemeleşmeleri, işiniň kanuna we maksadalaýyklygy, iş resminamalaryny ýöredişi, göreldeli sapaklary guraýyşy, guraýan sapagynyň ýa-da gezelnjiniň, baýramçylygynyň, oýunlarynyň, bedenterbiýe ugrly çäreleriniň türkmençilik ýörelgesine we döwrebap usullara, tebigy we daşky gurşaryň şertlerine laýyklygy, pedagogikanyň kadalaryna gabat gelişi, çärelere bolan gatnaşygy, ýaş aýratynlygyna görä terbiýeleýän körepeleriniň zehin başarnygy we edep-terbiýesi, çagalar bilen köpçülikleýin we indiwidual alyp baryýan işleri, olaryň aň we fiziki hem-de saglyk ýagaýlaryna bolan garýyşy, ene-atalar bilen alyp barýan işleri, topar otagynyň göwnejaý saklanylyşy, diwarlyklarynyň we görkezmeleriniň talabalaýyklygy hem-de beýleki höhüm hasaplanylýan ýagdaýlary öwrenilýär. Zerur bolan ýagdaýynda goşmaça goldawlar we usuly kömekler berilýär. Sapaklarynyň ýazgysynyň göçürmesi, oňa gatnaşmagyň tertibi, beýanlar, foto suratlar, wideo ýazgylar, albomlar we beýleki serişdeler arkaly tejribe öwrenmek işi doly derejede resmileşdirilýär. Bu döwürde göz öňünde tutulan wezipeler amala aşyrylandan soňra işler doly derejede seljerilýär we degişli maslahatlar arkaly berkidilýär. Şeýlelikde toplan tejribesi boýunça tapawutlanýan ugry göz öňünde tutulyp degişli terbiýeçiniň tejribesini ýaýratmak, beýleki bilim işgärleri bilen özara öwrenmek we usulyýete köpçülikleýin girizmek gazanylýar. Ýeri gelende bellesek, şeýle işler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, metbugatlarda we sanly neşirlerde hem wagyz edilip, köpçülikleýin paýlaşylýar.
Ýyllaryň dowamynda toplan tejribesiniň öwrenilmegi terbiýeçide hünärine bolan söýgüni artdyrýar, has yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge, hemişe döredijilik gözleginde bolmaga, täze taslamalara baş goşmaga ruhlandyrýar. Bu işde esasy möhüm zat bolsa, tejribäni öwrenýäniň hem ussat bolmagydyr. Çünki terbiýeçiniň tejribesini öwrenýän terbiýeçi-usulçy diňe göze görnüp duran ýa-da ozal mälim bolan ýagdaýlary däl-de, hatda has çylşyrymly we tapawutly aýratynlyklary hem inçeden yzarlamaga, täzelikleriň üstüni açmaga, zehinli terbiýeçiniň ýene-de bir täze başarnygyny ýüze çykarmaga düýpli we jogapkärli çemeleşmeli. Şeýlelikde ikitaraplaýyn ussatlyk sazlaşyp, köpçülik üçin ähmiýetli täze bir usulyň ýüze çykarylyp üstünde işlenilýän wezipe agy mazmun we hil taýdan baýlaşýar.
Bilim terbiýeçilik işgärleriniň ýokary derejede, sanly ulgama laýyklykda, sapaklary geçmekleri, milli terbiýeçilik däplerine laýyklykda çagalary ýaş aýratynlyklaryna görä terbiýelemekleri ugrunda şeýle sazlaşykly işleriň guralmagy döwletde bilim ulgamyny ösdürmekde örän netijelidir. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, bilim derejelerini ýokarlandyrmaga araýtyn üns berilmegi ýöne ýerden däldir.
Bu ugurda döwletimiz tarapyndan zerur bolan mümkinçilikler ýola goýulýar we döwrebap şertler bilen üpjün edilýär.Ösüşiň täze belentlikleri bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda ýaş nesilleri hakyky manysyndaky şahsyýetler hökmünde kemala getirmäge, olaryň sowatly, giň gözýetimli, sagdyn bedenli we belent ruhly bolup ýetişmekleri ugrunda bilim-terbiýeçilik işini alyp barýan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi örän buýsançly ýagdaýdyr.
Bize hünär babatda kämilleşmäge, bilim-tejribelerimizi artdyrmaga, üstünliklerimizi ýaýmaga, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge, öwrenmäge we ýaýratmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Milli bilim ulgamynyň binýadyny berkidip, belent maksatly ajaýyp işlerde nusga bolýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Orazbibi Muhammetdurdyýewa
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky
«Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň
terbiýeçi-usulçysy.
6-njy iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama