SPORT

Mbappe “Reala”, Messi “Barselona” geçmek isleýär

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň ýyldyzlary Kilian Mbappe bilen Lionel Messi başga toparlarda oýnamaga isleg bildirýär. Kilian Mbappe 2024-nji ýyldan “Real Madrid” toparyna, Messi bolsa özüniň ykbalyny baglan “Barselona” toparyna gaýdyp barmagy isleýär.

Fransuz futbolçy Mbappeniň arzuwy “Real Madrid” toparynda oýnamakdan ybarat. Ol şu tomus hem bu topara geçmäge isleg bildirýär, ýöne häzirki topary bilen şertnamasy bolandygy üçin geçip bilenok.

Ispan topary hem Mbappeni erkin futbolçy hökmünde düzümine goşup, “PSŽ” topary bilen gepleşikler geçirmegi islemeýär.

Şu günler dürli neşirlerde Messiniň “Barselona” toparyna dolanyp geljekdigi aýdylýar. Emma Kataryň Emiri Messiniň fransuz toparynda galmagyny isleýär. Şonuň üçin onuň zähmet hakyny artdyrmak üçin tekliplere seretmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Mbappe “PSŽ” toparynda ýyllyk 6 million ýewro, Messi bolsa 3 million ýewrodan gowrak zähmet haky alýar.

Related posts

Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Gyşky Aziada–2029 Gazagystanda geçiriler

Türkmen türgenleri GDA-nyň II Oýunlaryna gatnaşýarlar

Leave a Comment