SPORT

Mane “Bawariýa” geçýär

Angliýanyň “Liwerpul” topary üçin uly ýitgi. Toparyň düzümindäki senagally Sadio Maneniň Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna geçjekdigi mälim edilýär. Nemes topary senagally futbolçy bilen ylalaşyk gazandy.

Iňlis toparyndaky 5 ýyllyk karýerasyndan soňra Mane öz güýjüni Germaniýada barlap görer. Mane nemes topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşar.

Nemes topary Maneni satyn almak üçin 32 million ýewro, goşmaça ýene-de 9 million ýewro berer. Maneniň özi bolsa, oýnan duşuşyklary üçin 6 million, “Bawariýa” toparynyň gazanan üstünlikleri üçin bolsa 3 million ýewro alar.

Maneniň indiki hepde nemes toparynyň düzümine goşulyp, lukmançylyk barlagyndan geçmegine garaşylýar.

Sadio Maneniň iňlis topayr bilen şertnamasy indiki ýyl tamamlanýar. 30 ýaşyndaky futbolçy 41 million ýewro satyn alnypdyr.

“Liwerpul” toparynyň 100 million ýewro “Benfika” toparyndan Darwin Nunýesi satyn alandna soňra Maneniň nemes toparyna geçmegine rugsat berildi.

Mane 2016-njy ýyldan bäri “Liwerpul” toparynyň düzüminde geçiren duşuşyklarynda 90 gol geçridi. Ol geçen möwsümde toparyň düzüminde 51 duşuşykda çykyş etdi.

 

Ýo­lö­ten ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň tä­ze desgasy ulanmaga berildi

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar