Russiýaly türgen ýarym orta agramda irlandiýaly Ien Gerrini ýeňip, UFC çempionlyk derejesini gorady. Mahaçew eýýäm yzygiderli 17-nji tutluşygynda ýeňiş gazandy, ol bu babatda braziliýaly Anderson Silwanyň rekordyny täzeledi.
Tutluşyk Filadelfiýada (Pensilwaniýa ştaty, ABŞ) geçirilen UFC 330 ýaryşynyň esasy tutluşygy boldy.
Tutluşyk ähli bäş raund boýunça dowam etdi we eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen rus türgeniň ýeňşi bilen tamamlandy — 49-46, 49-46, 48-47.
Mahaçew UFC taryhynda iň uzak ýeňişli tapgyr boýunça täze rekord goýdy — 17 tutluşyk. Bu ugurda braziliýaly Anderson Silwanyň 2006-njy ýylyň iýunyndan 2012-nji ýylyň oktybryna çenli yzygiderli 16 ýeňşi bardy. Braziliýaly şol döwürde orta agramda derejesini 10 gezek üstünlikli gorapdy.
Gerri garşy tutluşyk 34 ýaşly rus türgeni üçin ýarym orta agramda ikinji tutluşyk boldy. Ol 2025-nji ýylyň noýabr aýynda awstraliýaly Djek Della Maddalena garşy geçiren birinji tutluşygynda guşagy eýeläpdi. Mundan ozal, Mahaçew ýeňil agramda çykyş edip, 2022-nji ýylyň oktybryndan 2025-nji ýyla çenli derejesini dört gezek gorap, UFC çempiony adyny saklapdy.
Häzirki wagtda Mahaçewiň hasabynda 29 ýeňiş we bir ýeňiliş bar. Ol ýeke-täk ýeňilişini UFC-däki ikinji tutluşygynda, 2015-nji ýylyň 3-nji oktybrynda birinji raundda braziliýaly Adriano Martinsden nokaut arkaly alypdy.
Gerri bilen tutluşykdan ozal Mahaçew agram kategoriýalaryna garamazdan UFC-niň iň gowy türgenleriniň reýtingine birinjiligi eýeleýär.
28 ýaşly Gerriniň hasabynda 17 ýeňiş we iki ýeňiliş bar. Ol UFC-niň ýarym orta agramy boýunça reýtingde ikinji orny eýeleýär.
